Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

17-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

10:4117.02.2024
0
18731

Türkmenistanyň Prezidenti halkyň sarp edýän harytlarynyň bahalaryny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy, Aşgabatda aýazly howa we gar gatyşykly ýagşyň ýagmagyna garaşylýar, Türkmenistan 2023-nji ýylda Russiýa gaz ibermek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny doly ýerine ýetirdi we beýleki habarlary

Türkmenistan


1. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň bazarlarynda we söwda nokatlarynda halkyň sarp edýän harytlarynyň üpjünçiligini hem-de bahalary hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutany ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen kadaly üpjün etmek üçin degişli çäreleri durmuşa geçirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi.

2. Türkmenistanda ýanwar aýynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 8,2 göterim köpeldi. Şeýle hem bölek satuw haryt dolanyşygy, aýlyk zähmet haklary we maýa goýumlaryň möçberi ýokarlandy. Bu barada Hökümetiň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow hasabat berdi.

3. 17-nji fewralda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde aýazly howanyň bolmagyna, gar gatyşykly ýagşyň ýagmagyna we ýollaryň sürçek bolmagyna garaşylýar. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar, ýollarda sürçek we ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 12 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2 gradus sowuk, gündizine -1 gradus sowukdan +1 gradusa çenli maýyl bolar.

4. Türkmenistan Russiýa Federasiýasyna tebigy gaz ibermek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny doly möçberde ýerine ýetirdi. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin Aşgabatda žurnalistler üçin geçirilen brifingde habar berdi. Umuman, rus diplomaty iki ýurduň arasyndaky syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ösüş derejesine ýokary baha berdi.

5. Türkmenistanyň Katardaky ilçisi we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory şu günler Doha şäherinde geçirilýän «Emiriň gylyjy» atly halkara konkur ýaryşynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Üç günläp dowam edýän Emiriň gylyjy» atly atçylyk sporty boýunça ýaryş Kataryň milli senenamasyndaky iň möhüm wakalaryň biridir. Bu ýerde her gün üç sany konkur ýaryşy geçiriler – çempionat dürli beýiklikdäki päsgelçiliklerden bökmek we münüş tapgyrlaryny öz içine alýar.

6. Türkmenistanyň Ýerewandaky Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Suren Safarýan bilen sungat ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar iki ýurduň sungat eserlerini ýaýbaňlandyrmak, bilelikdäki sergileri geçirmek we dürli medeni çäreleri guramak meseleleriniň üstünde durup geçdiler.

7. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat bilen Kuala-Lumpuryň arasynda täze uçuş hyzmatyny açdy. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabatdan Kuala-Lumpur şäherine uçuşlar sişenbe we penşenbe günleri amala aşyrylar. Malaýziýadan Türkmenistana uçuşlar bolsa çarşenbe we penşenbe günleri meýilleşdirilýär.

Dünýäde

8. Gazagystan üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini ösdürmek we söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin Türkmenistan, Hytaý we Özbegistan bilen serhetdäki goýberiş nokatlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri geçirer. Döwrebaplaşdyrmak işleri köne infrastrukturanyň ornuna täze barlag-goýberiş nokatlarynyň gurluşygyny öz içine alýar.

9. Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon ýurduň ähli işgärlerine bir ýylyň içinde birnäçe daşary ýurt dillerini özleşdirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutany täjik dilini ýokary derejede bilmegiň her bir döwlet işgäri üçin möhüm wezipe bolup durýandygyny we şuňa meňzeş derejede ýene iki daşary ýurt dilini bilmegiň netijeli işlemek üçin zerur şertdigini aýtdy.

Sport habarlary

10. «Arkadag» toparynyň BAE-de geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndaky ýene bir garşydaşy mälim edildi. Wladimir Baýramowyň toparynyň bäsdeşi düzüminde türkmen futbolçylary Teýmur Çaryýew we Süleýman Muhadow çykyş edýän Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» topary bolar. Ýoldaşlyk duşuşygy 25-nji fewralda geçiriler, oýun Aşgabat wagty bilen 17:00-da başlar. Ýatlatsak, 18-nji fewralda Russiýanyň «Pari NN» topary bilen, 21-nji fewralda bolsa «Zenit» bilen duşuşyk geçiriljekdigi ozal yglan edilipdi.

11. Türkmenistanly hünärmenler häzirki wagtda Eýranyň paýtagtynda geçirilýän kabaddi boýunça halkara okuw-maslahatyna gatnaşýarlar. Okuw-maslahatynda türkmen tälimçileri we eminleri häzirki wagtda meşhur sport görnüşine öwrülen gadymy hindi söweş sungatyndaky başarnyklaryny ýokarlandyrýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň