Soňky habarlar

Arhiw

Ýyllarboýy zibilhanada naharlanan adam 10 öý satyn aldy

09:5716.02.2024
0
31186
Ýyllarboýy zibilhanada naharlanan adam 10 öý satyn aldy
Surat: news.ru

Germaniýada 80 ýaşly pensioner Haýns B zibilhanalara taşlanýan iýmit galyndylary bilen gün görüp, 700 müň ýewro toplamagy başardy diýip, «Bild» neşirine salgylanýan «News.ru» habar berdi. Ol her aý iýmite 5 ýewro sarp edýändigini gürrüň berdi. Tygşytly goja eýýäm on öý satyn alyp, olary kärendesine beripdir.

Haýns diýseň tygşytly ýaşaýandygyny, her aýda 5 ýewrodan artyk pul sowmaýandygyny aýdýar.

«Bild» gazetiniň maglumatlaryna görä, ol gedaýlar ýaly, eleşan görünýär. Öň ol elektrik inženeri bolup işläpdir. Haýns ýeke ýaşaýar, 3,6 müň ýewro pensiýa alýar. Emma goja ähli zat babatda tygşytly bolmagy endik edinipdir.

Haýns hatda öýüni-de köçeden çöplän oduny bilen ýyladýar. Onuň ykjam telefony ýok, emma noutbugy bar, goja onda «Youtibedäki» işewürlik boýunça sapaklary diňleýär.

Haýns öz süýşürintgilerini gozgalmaýan emläge sarp edýär, onuň pikiriçe, bu öz pullaryňy hümmetsizlenmeden goramak üçin iň oňat usuldyr. Ähli kärendesine beren öýleri-de onuň öz ýaşaýan öýüniň golaýynda ýerleşýär, goja olara gözegçilik edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň