Türkmenistanda Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygy geçirildi. geçirildi, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Hindistanyň täze ilçisinden ynanç hatynyň nusgalaryny kabul etdi, Türkmenistan we Gruziýa hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meýilnamalaryny kesgitlediler we beýleki habarlar
Türkmenistan
1. Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygy geçirildi. Bu köptaraplaýyn duşuşyga dünýäniň dürli ýurtlaryndan parlamentleriň, halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
2. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň Aşgabatdaky täze ilçisi Madhumita Bhagatdan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we onuň diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýetine üns çekdiler.
3. Aşgabatda türkmen-gruzin syýasy geňeşmeleri geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary gatnaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ulag, energetika, söwda, oba hojalygy, syýahatçylyk, ylmy we medeni gatnaşyklar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
4. Balkan welaýatynyň medeniýet bölümleriniň tans-wokal folklor toparlary ýakynda Balkan welaýat medeniýet müdirligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi tarapyndan gurnalan bäsleşige gatnaşdylar. Bäsleşikde Gyzylarbat etrabynyň Medeniýet bölüminiň «Misserian» tans topary ýeňiji boldy.
5. Şu ýyl Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilikli täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň şu ýyl üstünlikli tamamlanmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda gurluşyk işlerinde häzirki zamanyň iň kämil tehnikalarynyň 112-si doly güýjünde peýdalanylýar. Bu ýerde birnäçe çalşykda dürli kärdäki hünärmenlerimiziň 650-ä golaýy zähmet çekýärler.
Dünýäde
6. Waşington uniwersitetiniň inženerleri täze önümi – fitnes bilekliklerine alternatiwa bolup biljek akylly gulakhalkalary tanyşdyrdylar. Kiçijik enjam iki termometr bilen üpjün edilendir, olaryň biri gulagyň temperaturasyny, beýlekisi daşky gurşawyň temperaturasyny ölçeýär. Tapawudy seljerip, gulakhalkalar bedeniň dürli ýagdaýlaryny kesgitleýär: ukynyň hili, iýmitleniş tertibi, stressiň derejesi. Akylly sagatlar bilen deňeşdirilende, gulakhalkalar saglyk görkezijilerini yzarlamakda has ýokary takyklygy görkezdi.
7. Köp millionlyk baýlygy miras alan awstriýaly 32 ýaşly Marlen Engelhorn puluň köp bölegini haýyr-sahawata bermek kararyna geldi. Himiýa serişdelerini öndürýän «BASF» konsernini esaslandyryjylar bolan Engelhornlar maşgalasynyň ýeke-täk mirasdüşeri Marlene enesinden 25 million ýewro miras galdy. Salgyt adalatlylygy babatynda tutanýerliligi bilen tanalýan zenan bu puluň diňe miras gaznasynda durmagyny islemeýär. Muňa derek, ol Awstriýada raýatlar geňeşini döretdi, geňeş bu serişdeleri nädip paýlamalydygy baradaky meseläni çözdi. Geňeşiň düzümi Awstriýanyň 16 ýaşdan uly raýatlarynyň arasyndan tötänleýin saýlanan 50 adamdan ybarat bolar. Mirasyň 90%-i geňeş agzalary tarapyndan işlenip düzülen tekliplere laýyklykda paýlanar.
Sport habarlary
8. Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň täzelenen sanawyny çap etdi. Sanawda Türkmenistanyň milli ýygyndysy ozalky 141-nji ýerinde galdy. Türkmenistanyň milli ýygyndysyna 2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri baş tälimçi Mergen Orazow ýolbaşçylyk edýär. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň FIFA-niň sanawyndaky iň ýokary görkezijisi 2004-nji ýylyň aprel aýynda hasaba alnyp, şonda türkmen ýygyndysy sanawyň 86-njy basgançagyna çenli ýokarlapdy. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda FIFA-nyň sanawynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň ýokarda Eýranyň milli ýygyndysy ýerleşýär, ondan soň Özbegistan we Täjigistan gelýär.
9. Alibek Sapaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmenistanly eminler Russiýanyň «Krasnodar» hem-de Gazagystanyň «Astana» toparlarynyň arasynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda eminlik etdiler. Duşuşyk Abu-Dabi şäherinde geçirildi. Oýun 4:2 hasabynda «Astananyň» ýeňşi bilen tamamlandy.
10. Türkmenistan milli ýygyndysynyň goragçysy Wepa Jumaýew «Energetika-BGU-dan» «Witebsk» toparyna geçensoň, ilkinji gezek toparyň metbugat gullugyna interwýu berdi. Jumaýew «Witebske» geçmek teklip edilende ikirjiňlenmändigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, toparyň ajaýyp infrastrukturasy, janköýerleri bar we owadan şäherde ýerleşýär. Futbolçy futboldaky ilkinji ädimleri barada gürrüň berdi. Ol çagalygynda «Arwana» we «Bürgüt» ýaşlar toparlarynda oýnady. Jumaýew 17 ýaşynda Aşgabadyň «Köpetdag» topary bilen şertnama baglaşdy we Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda «Merw» bilen duşuşykda ilkinji gezek çykyş etdi.