Soňky habarlar

Arhiw

Owganystan Türkmenistan bilen özara söwdany giňeltmek isleýär

22:5915.02.2024
0
15750
Owganystan Türkmenistan bilen özara söwdany giňeltmek isleýär
Surat: Sputnik

Owganystanyň maliýe ministrligi Türkmenistan bilen özara söwda alyş-çalşyny giňeltmek üçin degişli çäreleriň üstünde işleýär. Bu barada «Sputnik Owganystan» habar berdi.

Bellenilişi ýaly, özara söwdany giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin, türkmen wekili bilen Owganystanyň maliýe ministrliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ýakyn wagtda iki ýurduň salgyt gulluklarynyň wekiliýetleriniň duşuşygynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Owganystan bilen Türkmenistanyň degişli düzümleriniň arasyndaky gepleşikleriň esasy maksady ikitaraplaýyn salgytlary aradan aýyrmaga, söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge we iki ýurduň arasynda maýa goýumlaryny artdyrmaga gönükdirilendir. Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýyl 481 million amerikan dollara deň boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň