Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi Aziýa döwletleriniň we ÝB-niň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň nobatdaky duşuşygy geçirildi

22:0914.02.2024
0
18088
Merkezi Aziýa döwletleriniň we ÝB-niň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň nobatdaky duşuşygy geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Bişkekde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň bäşinji duşuşygy geçirildi, oňa BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Owganystana kömek bermek boýunça missiýasynyň başlygy gatnaşdy. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşykda gatnaşyjy ýurtlaryň hünärmenleri durmuş-ykdysady we ynsanperwer ugurlar boýunça häzirki ösüş ýagdaýy, şol sanda Owganystandaky howpsuzlyk pudagynda alnyp barylýan işler barada pikir alyşdylar. Bu formatyň dördünji duşuşygynyň 2023-nji ýylyň 25-26-njy maýynda Aşgabatda üstünlikli geçirilendigi hem bellenildi.

Bu duşuşyk Kataryň paýtagty Doha şäherinde meýilleşdirilýän çäräniň öňüsyrasynda geçirilýär hem-de onda Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň geljegi hem ara alnyp maslahatlaşylar.

Geçirilen mejlisiň çäginde türkmen wekiliýetiniň ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala hem-de Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen duşuşygy geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň