Putin Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine girişdi

17:0507.05.2024
0
11584

Wladimir Putin 7-nji maýda resmi taýdan bäşinji gezek Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine girişdi diýip, «Interfax.ru» habar berdi. Ol indi öňdäki 6 ýylda – 2030-njy ýyla çenli Prezident wezipesinde işlär we gaýtadan saýlanmaga hukukly bolar.

Putiniň wezipesine girişmek dabarasy Uly Kreml köşgüniň Andreýew zalynda boldy. Oňa 2600-a golaý adam çagyryldy, olaryň arasynda hökümetiň agzalary, Döwlet Dumasynyň deputatlary we senatorlar, Prezidentiň diwanynyň ýolbaşçylary, Konstitusion kazyýetiň kazylary, diplomatik korpus we beýleki ýolbaşçylar, hatda ilkinji gezek çagalar hem bar.

Ýurduň iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda Putin kasam etdi. Ol RF-niň Konstitusiýasynda sag elini goýup, adamyň we raýatyň hukuklaryna hem-de azatlygyna hormat goýmaga we goramaga, Konstitusiýanyň kadalaryny berjaý etmäge hem-de ony goramaga, ýurduň garaşsyzlygyny goramaga we onuň halkyna gulluk etmäge kasam etdi. Soňra Wladimir Putin ýygnananlara ýüzlenip çykyş etdi.

Dabara tamamlanandan soňra Kremliň kenarýakasy tarapynda 30 zalpdan ybarat artilleriýa salýuty atyldy.

Wladimir Putin Premýer-ministr Mihail Mişustiniň baştutanlygyndaky häzirki Hökümetiň ygtyýarlylyklarynyň bes edilýändigi barada buýruga gol çekdi diýip, «Gazeta.ru» habar berdi. Russiýanyň döwlet Baştutany häzirki Ministrler Kabinetine ministrleriň we wise-premýerleriň täze düzümi resmi düzülýänçä, öz wezipe ygtyýarlylyklaryny berjaý etmegi ýükledi.

TASS habarlar gullugy Prezidentiň kömekçisi Ýuriý Uşakowyň sözlerine salgylanyp, Russiýanyň Prezidenti wezipesine resmi işe başlandan soňra, Wladimir Putiniň ilkinji döwlet saparyny Hytaýa amala aşyrmakçydygyny habar berdi. Şeýle-de, Putiniň Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen gepleşikleriniň meýilleşdirilýändigi habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň