Döwrebap adamyň tiz durmuş ýörelgesinden ylham almak bilen, «Röwşen» kärhanasy 2024-nji ýylyň stil we rahatlyk babatda sazlaşýan erkek aýakgaplarynyň täze kolleksiýasyny döretdi. Assortimentde köwüşleriň, ädikleriň, sport aýakgaplarynyň we beýleki nusgalaryň giň haryt görnüşi bar.
Täze kolleksiýadaky her bir nusga — ajaýyp islegiň we kämillige ymtylyşyň beýanydyr. Ýokary hilli materiallar, düzüm bölekleriniň ünsli işlenilmegi, şeýle-de önümçiligiň ösen tehnologiýalary diňe bir gelşikli görnüşi däl, eýsem deňsiz-taýsyz rahatlygy hem kepillendirýär.
Haryt nyşanynyň wekili: «Isle işewürlik duşuşygy bolsun, isle şäherde gezelenç etmek bolsun ýa-da işjeň dynç alyş bolsun, «Röwşen» aýakgaplary keşbiňize iň oňat goşundy bolar» — diýip belleýär.
«Röwşeniň» täze kolleksiýasy bilen diňe bir erkekler däl, eýsem ýakynlaryna täsirli hem ýatdan çykmajak sowgatlyk gözleýän zenanlar hem tanşyp bilerler. Elýeterli bahadan ýetirilýän stilli we hilli aýakgaplar — ýanýoldaşlar, kakalar, ogullar ýa-da dostlar üçin iň gowy saýlaw bolar.
Aşgabatdaky «Röwşen» dükanlarynyň salgylary:
• Bitarap Türkmenistan şaýoly, 91/1 jaý («Gadamly» binasy). Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 21 63 06, (+993 64) 14 14 19;
• «Bagtyýarlyk» SDAM, 1-nji gat, 6-njy dükan, telefon belgisi: (+993 65) 55 34 74;
• Bamako köçesi, «Sumbar» bazary, «Datly ses» söwda merkezi, 1-nji gat, telefon belgisi: (+993 63) 65 16 85.
«Röwşen» kärhanasynyň sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Türkmenistanyň beýleki şäherlerindäki «Röwşen» dükanlarynyň salgylary:
• Änew: (+993 62) 79 01 16;
• Tejen: (+993 63) 51 10 55;
• Mary: (+993 522) 7 30 15;
• Ýolöten: +(993 63) 06 47 78;
• Balkanabat: (+993 63) 28 32 05;
• Türkmenbaşy: (+993 65) 79 01 50;
• Daşoguz: (+993 62) 79 01 16;
• Türkmenabat: (+993 63) 79 74 88;
• Kerki: (+993 62) 67 05 19.