Finlýandiýada ene-atalara çagalaryna Wolan-de-Mort diýip at dakmak gadagan edildi. Bu karar ýurduň Adalat ministrliginiň ýolbaşçylyk etmeginde işleýän Ady tassyklamak komissiýasy tarapyndan kabul edildi. Bu barada Euro-pulse.ru saýty habar berýär.
Wolan-de-Mortdan başga-da, Eldorado, Isa, Senator, Teflon, Hawa (Yes), Stol, Hammer, Welosiped we şu hili beýleki atlar gadagan edildi.
Finlýandiýada atlar we familiýalar bilen bagly kanun hereket edýär. Oňa laýyklykda, çagany kemsidip biljek, ýa bolmasa-da oňa geljekde şu zeýilli täsir edip biljek atlar bu kanunyň esasynda tassyklanylmaýar.
Mundan başga-da, degişli kanun gyz çagalary hemmeler tarapyndan bilinýän we könelen erkek adam atlary bilen, şeýle-de tersine oglan çagalary hem zenan atlary bilen atlandyrmagy gadagan edýär. Adamlaryň daşary ýurt kökleri bolan ýagdaýlaryndan başga islendik halatda, at familiýa bilen hem meňzeş bolmaly däldir.