2023-nji ýylyň 12-nji fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tehran şäherinde «Eýran Deňiz Ykdysadyýeti» forumy öz işine başlady. Foruma Eýran tarapynyň çagyrmasy esasynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, forumda Eýran tarapyndan ulag kompaniýalarynyň, döwlet edaralarynyň we işewür taraplarynyň wekilleri gatnaşyp, forumyň dowamynda demirgazyk-günorta geçelegesiniň, günbatar-gündogar geçelgelerinde sebitdäki ýurtlaryň arasynda halkara söwda we ulag gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çykyşlar edildi. Russiýa — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran — Hindistan ulag geçelgesine hem üns çekildi.
Şeýle-de, forumyň çäklerinde Eýranyň Portlar we deňiz guramasynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirilip, Türkmenistanyň deňiz port ulgamy, milli deňiz söwda floty hem-de gämi gurluşyk mümkinçilikleri bilen giňişleýin tanyş edildi. Mundan beýläk hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Eýranyň demirgazyk (Enzeli, Amirabad, Nouşehir we beýlekiler) portlarynyň kuwwatlygy, dolanşygy we beýleki daşary ýurt kompaniýalara ýeňillik bermek mümkinçilikleri hakynda pikirler alyşyldy.
«Behineh Tarabar Azhour» kompaniýasynyň baş geňeşçisi M.B.Akdam bilen tegelek stoluň başynda aýratyn gepleşikleriň geçirildendigi barada hem habarda bellenilýär.
Kompaniýanyň wekili Hazar deňzinde konteýner daşama we Amirabad-Baku ugry boýunça ýük daşama hyzmatlary barada beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda ilerde ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak islegini bildirdi.
14-nji fewralda türkmen wekiliýeti Amirabad portunda saparda bolarlar diýlip, habarda bellenilýär.