ABŞ-da mundan 81 ýyl öň aýra salnan 90 ýaşly ekiz uýalar Mauriliýa Çawes we Andrea Lopes tapyşdylar diýip, «Metro» neşirine salgylanýan «News.ru» ýazýar. Olaryň öň birek-biregi hiç wagt görmedik ýaly duýgyny başdan geçirendikleri habarda bellenýär.
Bäş ýaşlaryndaka olaryň ene-atasy aradan çykyp, her birini başga maşgalalara berip, aýra salypdyrlar. Olar soňky gezek 9 ýaşyndaka bir-birlerini görüpdirler.
Uýalar DNK barlagy arkaly tapyşypdylar. Mundan soň Las-Wegasda ýaşaýan Lopes Denwerde ýaşaýan ekiztaýy Çawesi görmäge barypdyr.
«Men dünýäde iň bagtly adam, sebäbi uýamy gaýdyp görerin öýtmeýärdim. Maşgalam bolsa-da, özümi ýalňyz duýýardym, sebäbi maňa doganym gerekdi» diýip, Çawes habarçylara gürrüň berdi.