Türkmenistanda RF-iň prezident saýlawlarynda ses bermek üçin 5 sany saýlaw uçastogy dörediler

14:4909.02.2024
0
44732

Russiýa Federasiýasynyň prezident saýlawlaryna ses bermek üçin Türkmenistanda bäş sany saýlaw uçastogy dörediler. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, «TASS» habar berýär.

«Ilçihana 2024-nji ýylyň 17-nji martynda ýurduň iň uly şäherlerinde — Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Türkmenabatda, Maryda we Daşoguzda bäş sany saýlaw uçastogynda ses berlişigiň guralmagy barada türkmen tarapy bilen ylalaşdy. Munuň özi, ses bermäge hukugy bolan Türkmenistanda ýaşaýan rus raýatlaryny has köp gurşap alar» idýlip, ilçihananyň metbugat gullugynyň habarynda bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, Federal Geňeş Russiýa Federasiýasynyň prezident saýlawlaryny 2024-nji ýylyň 17-nji martynda geçirmek barada çözgüt çykardy. Merkezi saýlaw komiteti bolsa saýlawlaryň möhletini üç güne uzaldyp, onuň 15-nji, 16-njy, 17-nji martda geçiriljekdigini mälim etdi. Şeýlelikde, öňdäki saýlawlar Russiýanyň taryhynda üç günläp dowam eden ilkinji prezident saýlawlary bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň