Top.Mail.Ru

«Bahar» atelýesiniň ajaýyp türkmen milli lybaslary

16:1608.02.2024
0
55898

Aşgabatdaky «Bahar» atelýesi türkmen milli stilindäki döwrebap lybaslary tikmäge ýöriteleşendir. Atelýeniň ussat tikinçileri ajaýyp egin-eşikleri – türkmen nagyşlary bilen bezelen köýnekleri, çabytlary, donlary we ýapynjalary döredýärler. Bu gaýtalanmajak lybaslar her bir zenanyň özboluşlylygyny we gözelligini açyp görkezmäge kömek ederler.

Atelýede professional modelýerler, her bir sargyda we müşderä aýratyn üns berýän tikinçiler işleýärler. Müşderileriň köpüsi eýýäm dowamly müşderä öwrüldiler we tikinçileriň işini ýokary derejede ýerine ýetirýändiklerini belleýärler.

«Bahar» atelýesine sargyt etmek üçin sizi atelýeniň şu salgyda ýerleşýän salonyna çagyrýarys: Aşgabat, 14-nji tapgyr, G.Ezizow (öňki Sowhoznaýa) köç., «Çaga» binasy. Telefon: (+993 65) 64 13 54.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň