Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Bossan Concept»: öýüň interýerini emeli gülleriň täze kolleksiýasy bilen janlandyryň

17:3707.02.2024
0
39158

«Bossan Concept» edil hakyky ýaly bolup görünýän emeli gülleriň täze gelip gowşan kolleksiýasyny hödürleýär.

Premium derejeli bu güller we ösümlikler — siziň eliňizdäki janly sungat eseridir. Ýokary hilli polimerlerden özboluşly tehnologiýalary ulanmak arkaly döredilen güller realistik görnüş aýratynlygy bilen haýran galdyrýar. Olaryň näzik gunçalary, mahmal ýapraklary hem-de tebigy şekilleri özüňi erem bagynda ýaly duýmaga iterýär. Bu gülleri ellemek, edil adaty tebigy güllere eliňi degiren ýaly duýgyny döredýär, ol sungat bilen tebigatyň serhedini aradan aýyrýar.

«Bossan Concept» dükanynyň tejribeli maslahat beriji hünärmenleri 14-nji fewral hem-de 8-nji mart baýramçylyklarynda ajaýyp sowgat bolup biljek täsin gül çemenlerini taýýarlamaga ýardam ederler.

Mundan başga-da, 10-njy marta çenli emeli gülleriň ähli kolleksiýasyna 20% arzanladyş dowam edýär.

«Köp adamlar emeli gülleri sowgat bermegi gelşiksiz hasap edýärler. Emma men munuň bilen ylalaşamok!

Emeli güller — bu özboluşly, görnükli sowgat. Olar hiç solmaz, uzak ýyllar eýesiniň göwnüni göterer. Şeýle-de, eger adamyň gülüň tozgasyna ýa özüne allergiýasy bolsa, beýle ýagdaýda emeli gülleriň gözelliginden erkin lezzet alyp biler.

«Bossan Concept» dükanlarynyň gül kolleksiýalarynyň kömegi bilen öýüň interýerine ajaýyplyk we täsinlik goşuň!» — diýip, «Bossan Concept-iň» hünärmeni belleýär.

Täze gözellik harytlary bilen Aşgabatdaky şu salgyda ýerleşýän «Bossan Concept» dükanlaryndan tanşyp bilersiňiz:

  • Mollanepes köçesi, 27-nji jaý, «Dürdäneli» söwda merkezi;
  • S.Seýdi köçesi, 55-nji jaý, «Aşgabat» SDAM, 2-nji gat, A201 dükany.

Telefon belgileri: +(993 65) 72 60 60, (+993 12) 41 55 54. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň