Soňky habarlar

Arhiw

«Bossan Concept-iň» täze bag mebelleri bilen bagyňyzy tomus möwsümine taýýarlaň

12:1827.01.2024
0
37948

Eger-de siziň jaýyňyzyň öňündäki meýdançada bagyňyz bar bolsa, onda hökman ony şäheriň başagaýlygyndan dynç alyp boljak ýere öwrüler ýaly enjamlaşdyrmak isleýänsiňiz.

Bagda, jaýyň öňündäki meýdançada ýa-da eýwanda ajaýyp dynç alyş gurşawyny döretmek üçin «Bossan Concept» dükanlaryndaky täze toplumlara degişli owadan we amatly mebeller amatly çözgüt bolar.

«Bossan Concept» dükanlarynda naharhana otagy üçin stollaryň, oturgyçlaryň we diwanlaryň köp sanly görnüşleri, şeýle hem dynç alyş zolagy üçin dürli asma kürsüler, tor sallançaklar (gamak), şezlonglar hödürlenýär.

Türkiýede we Hytaýda öndürilen ýokary hilli örülen mebeller emeli rotangdan hem-de tik materialyndan, karkaslary bolsa çydamly we ýeňil duralýumin materiallaryndan taýýarlanýar. Bu materiallar daşarky täsirlere çydamlydyr we daşarda durmak sebäpli zeperlenmeýär.

«Bossan Concept-iň» örülen mebelleri kafeleriň we restoranlaryň tomusky eýwanlaryny enjamlaşdyrmak üçin hem amatlydyr.

Täze önümler bilen Aşgabatdaky «Bossan Concept» dükanlarynda aşakdaky salgylar boýunça tanşyp bilersiňiz:

  • Mollanepes köç., 27, «Dürdäneli» söwda merkezi;
  • S.Seýdi köç., 55, «Aşgabat» SDAM, 2-nji gat, А201.

Telefonlar: +(993 65) 72 60 60, (+993 12) 41 55 54. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň