Soňky habarlar

Arhiw

Gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleri geçirilýär

10:0006.02.2024
0
33284

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleri geçirilýär.

Bäsleşigiň birinji tapgyry: fizika dersinden 2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde, himiýa dersinden 2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde, matematika we häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary dersinden 2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde sanly ulgam arkaly geçirilýär.

Ders bäsleşikleriniň birinji tapgyrynda ýokary netijeleri görkezen okuwçylaryň arasynda fizika, himiýa, matematika we häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary okuw derslerinden ders bäsleşikleriň ikinji tapgyry Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde ýörite bellenilen bilim edaralarynda 2024-nji ýylyň 1-nji maýynda geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň