Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisi parlamentara hyzmatdaşlygy giňeldýär

06:2503.02.2024
0
24254

Sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Milli parlamentiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda hünär derejesini ýokarlandyrmak ugry boýunça okaýan diňleýjiler bilen önümçilik-tejribe okuwlary geçirildi.

Şeýle hem parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi. HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistana sapar bilen gelen parlament wekiliýeti bilen bolan duşuşygyň barşynda kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) wekilleriniň Aşgabada iş saparynyň çäklerinde “Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam bermek” atly sebitleýin maksatnamanyň ýolbaşçysynyň we bilermenleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça iş toparynyň maslahaty geçirildi. Mejlisiň deputatlary ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň “Gender deňligi: mümkinçilikler hem-de hukuklar boýunça halkara we milli tejribe” atly, şeýle-de BMG-niň Ilat gaznasynyň Aýallaryň hukuklary baradaky Konwensiýasy boýunça Milli hasabaty işläp taýýarlamak bilen bagly Türkmenistanyň degişli edaralary bilen bilelikde geçiren okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.

Deputatlar döwlet syýasatyny, ýurtda gazanylýan üstünlikleri, amala aşyrylýan özgertmeleri wagyz-nesihat etmek ugrunda geçirilýän çärelere gatnaşýarlar hem-de kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly degişli işleri alyp barýarlar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň durmuş-ykdysady ugurlarynda düýpli özgertmeleriň geçirilip, kanunçylyk namalarynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany bu ugurda netijeli işleri alyp barmagy dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň