Mahaçkalanyň «Dinamo» toparynyň baş tälimçisi Gurban Berdiýewiň öz karýerasyny Azerbaýjanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi hökmünde dowam etdirmegi mümkin. Sport24.ru saýtynyň ýazmagyna görä, 71 ýaşly hünärmen şu gün Dagystanyň topary bilen hoşlaşar.
Çeşme Gurban Berdiýewiň topar bilen şertnamasyndaky ony ýatyrmak baradaky bendini ulanjakdygyny ýazýar. Uly ähtimallyk bilen, ol Azerbaýjanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisine öwrüler.
Ýeri gelende bellesek, Gurban Berdiýew 2023-nji ýylyň tomsundan bäri «Dinamony» türgenleşdirip gelýär. Häzirki wagtda «Dinamo» futbol boýunça Russiýanyň çempionatynyň Birinji ligasynda birinji orny eýeläp dur. G.Berdiýewiň şägirtleri ikinji ýerdäki «Himkiden» 1 utuk öňde barýarlar.