Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen dürli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Arkalaşygyň giňişliklerinde bilelikde işlemek taslamalarynda ýurduň eýeleýän orny barada GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew “Mir” teleýaýlymyna beren interwýusynda gürrüň berdi.
“Men Türkmenistanyň GDA-da eýeleýän orny dogrusynda, onuň bilelikdäki taslamalara gatnaşmagy barada gürrüň bermek mümkinçiligine şatdyryn. Sebäbi köplenç köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň eýeleýän ornuna ýeterlik derejede baha berilmeýändigini görýärin.
Türkmenistan özara ýakynlaşmaga degişli ähli taslamalara, bilelikdäki özara hereketlere örän işjeň gatnaşýar. Ýöne bir aýratynlyk bar. 2005-nji ýylda GDA-nyň ähli döwletleri Türkmenistanyň assosirlenen agzalygyny ykrar etdiler. GDA-da şeýle assosirlenen agzalyk derejesi näme üçin kabul edildi. Sebäbi, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk syýasatyny yglan etdi. Bu ýörelge, bu ugur, bu syýasat – Bitarap döwlet derejesi BMG tarapyndan ykrar edildi. Bu ýagdaýlar Türkmenistanyň biziň işlerimize gatnaşmagynyň öz aýratynlyklaryny emele getirýär.
Türkmenistan harby hyzmatdaşlyga degişli işlerde, käbir syýasy gatnaşyklaryň meselelerinde synçy hökmünde gatnaşýar. Ýöne, şeýle-de bolsa, ol onda-da gatnaşýar. Ynsanperwer ulgam, ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, onda Türkmenistan GDA-nyň agzalary bolan beýleki döwletlere görä, köplenç has işjeňlik görkezýär. Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň, ilkinji nobatda, Prezidentleriniň we ozalky Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň we häzirki Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiçiň aýdan sözlerinden Arkalaşygyň çäklerinde gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryň birnäçesiniň beýan edilendigi bellidir.
Men olaryň köpsanly sözlerini getirip bilerin. Ýöne iň soňkusy Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiçiň Bişkekde ýarym ýyl mundan ozal döwlet Baştutanlarynyň Sammitinde aýdan sözlerini getirmekçi. Men şol sözleri üýtgetmezlik üçin okap bereýin: “Arkalaşygyň formatynda döwletleriň özara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmek üçin şertleri üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýandygyna ynanýaryn. Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde mundan beýläk-de gatnaşyk etmäge berk ygrarlydygyny tassyklamak, biziň hyzmatdaşlygymyzyň uly geljeginiň bardygyna ynam bildirmek isleýärin”. Bu sözlere hiç hili düşündiriş gerek däldigini aýtmak isleýärin.
Men Türkmenistanda geçirilen we geçirilýän GDA-nyň çäklerindäki köp çärelere gatnaşyjy hökmünde şeýle gatnaşyklaryň anyk mysallaryny getirmek isleýärin. Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda eýýäm ençeme gezek başlyklyk etdi. Käbir döwletler dürli sebäplere görä, öz üstüne başlyklyk wezipesini almakdan çetleşýärler. Türkmenistan bolsa, öz üstüne şeýle wezipäni arkaýyn alýar we üstünlikli iş alyp barýar – ol GDA-nyň çäklerinde iki gezek başlyklyk etmegi üstünlikli geçirdi.
Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aşgabatda, bu döwletiň beýleki şäherlerinde örän köp möhüm çäreler geçirilip, şol çäreler hyzmatdaşlygyň, dostlugyň, GDA döwletleriniň gatnaşyklarynda hoşniýetli goňşuçylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etdi. Türkmenistanyň şäherleriniň ikisi GDA-nyň medeni paýtagtlary diýlip yglan edildi. Olar Daşoguz we Mary şäherleridir. Bu welaýat merkezlerinde-de ençeme medeni çäreler geçirildi. Şol ýerlere artistler, sungat, ylym-bilim işgärleri, türgenler geldiler. Men türkmen kärdeşlere, Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna iri forumlary, halkara maslahatlaryny geçirmek üçin Türkmenistanyň ajaýyp meýdançalara eýedigini aýratyn hoşallyk bilen aýtmak isleýärin. Şol meýdançalar hemişe adamly. Men diňe bir GDA-nyň çäklerinde däl, eýsem, BMG-niň çäklerinde-de, hem Aşgabatda, hem bu Türkmenistanyň beýleki şäherlerinde geçirilen köpsanly halkara maslahatlaryna gatnaşdym we olar örän netijeli geçdi.
Men beýleki halkara guramalar barada aýtdym. Birleşen Milletler Guramasyny aýratyn belläp geçmek isleýärin. Sebäbi Türkmenistanyň ýolbaşçylary BMG-de öz başlangyçlaryna, hereketlerine, gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berýärler. Ýurduň Liderleri BMG-niň Baş Assambleýasynda yzygiderli çykyş edýärler we diňe bir çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem, BMG-niň çäklerinde möhüm başlangyçlary öňe sürýärler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna wajyp ähmiýet berýändiginden ugur alnyp, hut Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi ýerleşdirildi. Bu merkez 2007-nji ýylyň dekabrynda açyldy, maňa bu merkeziň açylyş dabarasyna gatnaşmak bagty miýesser etdi we ol Merkezi Aziýa degişli ençeme halkara işlerinde mynasyp orun eýeledi.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Aşgabatdaky Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi bilen ýakyndan gatnaşyk edýändigini kanagatlanma bilen aýtmak isleýärin. Men bu merkezde ençeme gezek boldum. Soňky ýyllarda Merkeziň birnäçe ýolbaşçylary boldy. Olar hem bizde – GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde boldular. Ýakynda men GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde Merkeziň häzirki ýolbaşçysyny, Gruziýanyň wekili Kaha Imnadzeni kabul etdim. Biz bu ysnyşykly gatnaşyklary dowam etmegi ylalaşdyk. Biz Merkezi Aziýanyň howpsuzlygyna degişli çärelerimize Merkeziň bilermenlerini, ýolbaşçylaryny çagyrýarys. Olar Ýerine ýetiriji komitetiň wekillerini hem-de GDA-nyň bilermenlerini öz çärelerine çagyrýarlar.
Türkmenistan üçin Merkezi Aziýada howpsuzlygy üpjün etmek örän uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň Merkezi Aziýanyň goňşy döwletleriniň ýolbaşçylary bilen işjeň gatnaşyk edýändiklerini, türkmen topragynda bolşy ýaly, Merkezi Aziýanyň Respublikalarynyň beýleki paýtagtlarynda-da duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen goňşy döwletleriň Liderleriniň arasynda oňat hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ýola goýuldy.
Meniň bu aýdanlarym Türkmenistanyň alyp barýan syýasy we halkara işjeňligine degişli işler barada boldy. Ýöne, Türkmenistan ynsanperwer hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berýär. Men ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde Maryda we Daşoguzda “GDA-nyň medeni paýtagtlary” maksatnamasynyň durmuşa geçirilendigini eýýäm aýtdym. Aşgabatda GDA ýurtlarynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumy geçirildi. Oňa Arkalaşygyň ýurtlarynyň medeniýet, bilim ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Men hem forumyň işine gatnaşdym.
Türkmenistanyň çäklerinde sport çäreleri örän ýokary derejede geçýär. Türkmenistanda mekdep sporty üçin oňat esas döredildi. Döwlet Dumasynyň deputaty Irina Rodnina biziň sportda hyzmatdaşlygymyzyň bu ugruny howandarlyga aldy we Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň çagyrmagy boýunça mekdep okuwçylary bilen Awaza geldi. Awaza Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky iri medeni-syýahatçylyk merkezidir. Türkmenistan GDA-nyň ähli ýurtlarynyň mekdep okuwçylaryny örän oňat kabul edip, mekdep sportunyň ösdürilmegine ýardam etdi.
Mundan başga-da, men GDA-nyň çäklerinde dürli sport çärelerinde türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyşlaryny bellemek isleýärin. Geçen ýylyň awgustynda Belarusda Arkalaşygyň ýurtlarynyň sport oýunlary geçirildi we Türkmenistan şonda uly wekiliýetini görkezdi. Türkmenistandan köp türgenler wekilçilik etdi. Olar baýrakly orunlaryň ençemesini eýelediler, medallary gazandylar. Men hem şol oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralaryna gatnaşdym hem-de türkmen türgenlerini neneňsi kabul edendiklerini gördüm.
GDA-nyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ulgamy barada hem aýtmak isleýärin. Ol ykdysady ulgamdyr. Şunda hem Türkmenistan örän işjeňlik görkezýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döwlet Baştutanlary Aşgabatda 2019-njy ýylda örän möhüm resminamany – GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamany kabul etdiler. Bu resminama soňra “2030-njy ýyla çenli GDA-nyň ykdysady ösüşiniň strategiýasy hakynda” diýen beýleki bir möhüm resminamanyň esasynda goýuldy, şol resminama hem soňra kabul edildi. GDA-nyň ykdysady ösüşiniň strategiýasynyň esasynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamada Türkmenistanyň beýan eden şol teklipleri goýuldy.
Türkmenistanyň ýolbaşçylary ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine örän uly üns berýärler. Türkmenistan çäkleri taýdan örän amatly ýerleşen üstaşyr döwletdir. Ýurduň üstünden demirgazykdan günorta, gündogardan günbatara ulag ýollary geçýär. Türkmenistan ulag geçelgelerini ösdürmek hem-de kämilleşdirmek ugrundaky taslamalaryň başyny başlaýjy we olary durmuşa geçirmegiň işjeň gatnaşyjysy bolup durýar. Ol diňe bir başyny başlaman, eýsem, şol ulag ýollaryny ösdürýär hem. Bu, ilkinji nobatda, awtoulag ýollary, demir ýol ulagy, soňra howa ugurlarydyr. Türkmenistan örän oňat häzirki zaman howa menzillerine ýokary derejeli döwrebap uçarlaryna eýedir.
Mundan başga-da, energetika, nebiti we gazy gazyp almak hem hyzmatdaşlyk etmek ulgamynda Türkmenistanyň işjeň gatnaşýan ugurlarydyr. Şoňa görä-de, sözümi jemläp, men Baş sekretar hökmünde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hem-de ýurtlarynyň wekilleriniň GDA-nyň çäklerinde Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň derejesinden kanagatlanýandygymy aýtmagy örän möhüm hasaplaýaryn. Şoňa görä-de, biziň ählimiz bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine, kämilleşdiriljekdigine, Türkmenistanyň özi üçin bolşy ýaly, GDA-nyň beýleki ýurtlarynyň bähbitlerine hem täze gerimlere eýe boljakdygyna ynanýaryn.
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösýändigini hem bellemek isleýärin. Bu ýerde diňe bir dokma önümlerini däl, eýsem başga-da ýokary hilli önümleri öndürýän köp sanly döwrebap senagat kärhanalary döredildi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň şäherleriniň keşbi hem gün-günden özgerýär! Türkmenistana gidip görmeklerini bu ýere gidip görmeklerini maslahat berýärin. Bu ýere, hususan-da, giň şaýollary bolan ak mermerli Aşgabat şäheri, şeýle hem täze Arkadag şäheri görenlerde uly täsir galdyrýar. Meniň orunbasarym I.T.Nematow bu ajaýyp, döwrebap, hakykatdan-da “akylly” şäheriň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu şäher bu ýere gelenlerde uly täsir galdyrýar. Arkadag şäheri we ýurduň beýleki şäherleri yzygiderli ösdürilýär, men Türkmenistanyň ähli welaýat merkezlerinde bolup gördüm hem-de olaryň näderejede özgerendigini göz ýetirdim. Bu ýerde ulag, saglygy goraýyş ulgamlary ösdürilýär. Täze ajaýyp mekdepler, ýokary we orta hünär bilim edaralary gurulýar.
Türkmenistanda sportuň we bedenterbiýäniň ösdürilýändigini hem bellemek gerek. Türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri barada men ozal aýdypdym, ýöne Türkmenistanda bolanyňda köp sanly sport desgalarynyň gurlandygyny görýärsiň. Olaryň hatarynda sport merkezleri, stadionlar, dürli ýaryşlary geçirmek üçin desgalar bar. Aşgabadyň golaýyndaky meşhur “Saglyk ýodasy” dagyň gerşinden çekilipdir. Oňa çykanyňda şäheri synlamak bolýar. Saglygyny berkitmek isleýänler bu ýodada gezelenç edýärler. Türkmenistanyň ozalky Prezidenti hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow hem-de häzirki Prezidenti hormatly Serdar Gurbangulyýewiç sport bilen meşgullanyp, bu ugurda görelde bolýarlar hem-de sportuň we saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berýärler. Munuň özi örän guwandyryjydyr.
Indi bolsa Türkmenistanyň ösüşi, biziň integrasiýa hyzmatdaşlygymyza gatnaşygy barada aýtmak isleýärin. Men Türkmenistanyň mundan beýläk-de biziň integrasiýa hyzmatdaşlygymyzyň işjeň agzasy boljakdygyna diňe bir umyt däl, eýsem, berk ynam bildirmek isleýärin.
– Türkmenistanyň baý medeniýeti bar. Türkmen şygryýetiniň ösdürilmerinde Magtymguly Pyragy nähili orun eýeledi?
2024-nji ýyl Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edildi. Bu ýylda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýär. Bu şanly senedir. Merkezi Aziýada önüm-esen (doglan) adam hökmünde men Magtymgulynyň adynyň beýik şahyr, akyldar filosof hökmünde diňe bir Türkmenistanda, Merkezi Aziýada däl, eýsem tutuş dünýäde hem bellidigini aýtmak isleýärin. Egerde ozal köpler şahyryň diňe adyny bilýän bolsalar, onda bu 300 ýyllyk ýubileý adamlaryň onuň döredijiligi, şygryýeti, filosofik pikirleri bilen ýakyndan tanyşmagyna ýardam etdi.
Magtymgulyny maňa sowgat berlen goşgular kitabyny okap, onuň şygyrlarynyň durmuş, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar barada pikirlenmäge mejbur edýändigine göz ýetirdim. Bu kitaby okamak örän gyzykly.
Şu ýylyň şygarynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagynda çuňňur many bar. Men bu ýubileýiň diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, beýleki GDA ýurtlarynda hem bellenilýändigini kanagatlanma bilen nygtamak isleýärin.
Şu ýyl Magtymgulynyň ýubileýine bagyşlanyp, köp çäreleriň meýilleşdirilendigine we geçiriljekdigine ynanýaryn. Arkalaşygyň köp ýurtlarynda, Aşgabadyň özünde hem Magtymgulynyň ýadygärlikleri bar. Astrahan şäherinde şahyryň ýadygärligi bar, çünki Astrahan oblastynda ýaşaýan türkmenler bu meselede örän işjeňdirler. Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly Magtymgulynyň ýadygärlikleri, şahyryň adyny göterýän köçeler bar. Arkalaşygyň giňişliginde medeniýetiň ösdürilmegine uly goşant goşan akyldarlar, döredijilik adamlary baradaky hakydanyň goralyp saklanmagy, olara hormat goýulmagy ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär diýip hasaplaýaryn.
Magtymgula bagyşlanan çäreleriň beýleki respublikalarda-da, geçirilmeginiň biziň ýurtlarymyz üçin örän möhümdigini bellemek isleýärin. GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komiteti bu çäreleriň geçirilmegini işjeň goldar.
Men ýaňy-ýakynda Belarusda boldum we ol ýerde, GDA ýurtlarynyň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň mejlisinde Magtymgulynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Bu çäre Arkalaşygyň ýurtlarynyň ilçileri, beýleki gatnaşyjylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen kabul edildi. Arkalaşygyň ýurtlarynyň ilçileriniň bu ähmiýetli senäni baýram etmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyklaryny beýan etmekleri bolsa meniň üçin örän möhümdir. Bu senäniň diňe bir Türkmenistan üçin däl eýsem tutuş Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin hem ähmiýetlidigini ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin.
– Magtymguly Pyragy şygyrlaryny halka düşnükli dilde ýazdy. Onuň türkmen diliniň ösdürilmegine nähili goşandy bar?
Magtymguly Pyragynyň türkmen diliniň ösdürilmegine goşant goşandygy mälimdir. Näme üçin? Sebäbi onuň döwürdeşleri öz eserlerinde köp halatlarda arap we pars dillerini ulanypdyrlar, örän köp eserlerde arap we pars sözleri agdyklyk edipdir. Magtymguly Pyragy bolsa goşgularyny halka ýakyn, düşnükli dilde ýazypdyr.
Bu aýratynlygy hem şahyryň meşhurlygynyň artmagyna getiripdir. Sebäbi halk Magtymgulynyň şygyrlaryny uly gyzyklanma bilen okapdyr we kabul edipdir. Edebi eserleriniň, parasatly pikirleriniň halka ýakyn dilde beýan edilmegi bolsa, Magtymgulynyň esasy aýratynlygydyr.