Russiýa geçen 2023-nji ýylda nohudyň rekord derejesini daşary bazarda ýerledi. Bu barada ýurduň Oba hojalyk ministrliginiň «Agroeksport» federal merkezine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
«2023-nji ýylda nohudyň rus eksporty 2,6 esse artyp, 2,9 million tonna deň boldy» diýlip, guramanyň habaryna aýdylýar.
Rus oba hojalyk önümini iň köp satyn alan ýurt Hytaý boldy, bu döwlet 1 million tonna nohut satyn aldy. Russiýadan nohudy köp satyn alan ýurtlar Ispaniýa we Türkiýe boldy.