Soňky habarlar

Arhiw

Çagalaryň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça milli ýaryş geçirildi

10:4629.01.2024
0
12912

Ýakynda paýtagtymyzda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça körpe türgenleriň arasynda täze ýylyň ilkinji ýaryşy geçirildi. Türkmenistanyň Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça federasiýasynyň guramagyndaky ýaryş iki ýaş derejesinde geçirildi. Onda 2010 ― 2013-nji ýyllar aralygynda doglan tennisçiler aýry, 2014-nji ýylda doglanlar hem aýry ýaryşdylar.

Ezber oglanjyklaryň 52-siniň, gyzjagazlaryň bolsa 35-siniň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda paýtagtymyzyň we Mary welaýatynyň türgenleri güýç synanyşdylar.

Uly ýaşly oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda paýtagtly Nazym Durdyýewe taý tapylmady. Kiçi ýaşly gyzlarda bolsa Elina Ahmedowa ähli bäsdeşlerinden üstün çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň