Soňky habarlar

Arhiw

Yslamabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

08:0028.01.2024
0
28361
 Yslamabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy»  atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynda bu ýurduň çäklerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Çykyş edenler Döwlet Baştutanynyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eseri ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni durmuşyny, halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýan ýaşlar üçin ruhy goldaw boljakdygyny belläp geçdiler.

Dabaranyň dowamynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, ýylyň dowamynda halkara derejesinde akyldar şahyryň 300 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanan çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýeti barada pikir-alyşmalar geçirildi. Gatnaşyjylar Magtumguly Pyragynyň durmuşy we döredijiligi barada pikir alyşdylar we akyldar şahyrymyz bilen bagly fotosuratlar we wideo ýazgylar bilen tanyşdylar.

Dabaranyň ahyrynda Halkara TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň tarapyndan 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Änew şäheri barada maglumat berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň