Aşgabatda iş gurşawlaryny kärendesine berýän «Regus» merkezi açyldy

08:2128.01.2024
0
41350

Aşgabat şäherinde iş gurşawlaryny kärendesine bermek boýunça hyzmatlary ýetirýän «Regus» merkezi açyldy.

«Regus» — dünýä ýüzünde kiçi we orta telekeçilik üçin ofis gurşawy bilen bagly çeýe çözgütleri ýetirýän iri paýlaýjydyr. «Regus» brendiniň dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda 4000 biznes merkezi bar.

«Regus» birnäçe halkara iş ýerleriniň brendlerini özünde birleşdirýän IWG torunyň bir bölegidir. IWG ulgamy müşderilere dizaýn we gurşawyň gurnalyş aýratynlyklarynda köp sanly mümkinçilikleri, şeýle hem islege görä binalary we biznes merkezlerini hödürleýär.

Aşgabatda «Regus» müşderilere ofis gurşawlaryny, koworkingleri, biznes zallaryny we gepleşikleri geçirmek üçin otaglary hödürleýär. Bu merkezde umumylykda 68 sany aýratyn giň ofis, 4 sany mejlisler otagy hem-de 2 sany koworking meýdançasy bolar. Iş ýerini birnäçe sagatdan başlap, birnäçe aýa çenli islendik möhlet bilen kärendesine alyp bolýar. Iş ýeri ofis mebelleri, internete elýeterlilik hem-de orgtehnika bilen üpjün edilip, biznes işini alyp barmak üçin zerur bolan ähli zatlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Biznes gurşawynyň umumy ýer sany 150 işçi ýerine deňdir.

Kompaniýanyň wekiliniň belleýşi ýaly, «Regusy» bäsdeşlerinden çeýeligi tapawutlandyrýar. «Regus» merkeziniň her bir müşderisi guramasynyň häzirki we geljekki zerurlyklaryna laýyklykda, kärendesine alan iş ýeriniň göwrümini islendik wagt üýtgedip biler.

«Biziň iş gurşawlarynyň global torumyz kompaniýalara öz işgärlerine öndürijilikli we netijeli işlemäge ýol açýan çeýe iş şertlerini hödürlemäge mümkinçilik berýär. Häzirki telekeçiler iş zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin iş ýerlerini ýeňillik bilen giňeldip bilerler» — diýip, «Regusyň» wekili belleýär.

Belläp geçsek, «Regus» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili «Hil Gurluşyk» hojalyk jemgyýetidir.

Aşgabatdaky täze biznes merkezi şu salgyda ýerleşýär: G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), 30-njy jaý, «Hil Gurluşyk» binasy. Iş wagty: sagat 9:00-dan 18:00-a çenli.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgisi: (+993 12) 75 44 22;
  • elektron poçtasy: ashgabat.hilgurlusyk@regus.com;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • web saýty: www.regus.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň