«Ahal» toparynyň metbugat gullugy klubuň 2023-nji ýylyň futbol möwsüminiň netijeleri boýunça Türkmenistanda «Iň ökde futbolçy» diýlip yglan edilen tejribeli kapitany Elman Tagaýewiň geçen ýylyň netijeleri we geljek möwsümden garaşýan sepgitleri baradaky pikirlerini paýlaşdy.
— Ilki bilen meni goldap, ses berenlere hoşallygymy beýan edýärin. Ýylyň iň ökde oýunçysy hökmünde sylaglanmagym maňa çäksiz şatlyk bagyşlaýar. Munuň üçin janköýerlerimize, futbolçylara we klubumyzyň ýolbaşçylaryna hoşallygymy bildirýärin.
AFK-nyň Çempionlar ligasynyň çägindäki duşuşyklar meniň hakydamda geçen möwsümiň iň ýatda galyjy oýunlary hökmünde galar. Çünki meniň «Al-Feýhanyň» derwezesinden geçiren golum toparymyzyň öz meýdanynda ýeňiş gazanmagyna ýol açdy — diýip, Elman Tagaýew belledi.
Hüjümçi gürrüňiniň üstüni nobatdaky möwsümde öňünde goýan wezipeleri hem-de täze gelen futbolçylaryň kluba uýgunlaşmagy hakyndaky pikirleri bilen ýetirdi.
— Geljek möwsüm üçin baş maksadym — ýene-de toparym bilen iň gowy oýnumy orta goýmak. Biz hemişe bolşy ýaly, her duşuşyga ýeňiş üçin çykarys. Agzybirlik bilen gowy netijeleri görkezjekdigimize we janköýerlerimizi begendirjekdigimize ynanýaryn.
Men şikesden golaýda saplandym. Häzir bolsa ýuwaşlyk bilen özümi taplaýaryn. Çempionat başlanýança doly taýýar bolup bilerin.
Toparymyza täze oýunçylar goşuldy. Olaryň iň gysga wagtda sazlaşykly oýnuny ýola goýup, güýjümizi artdyrjakdyklaryna ynanýaryn. Ýakynlaşýan okuw-türgenleşik ýygnanyşygymyz bu babatda biziň üçin örän gowy mümkinçilik bolar — diýip, erjel hüjümçi sözüniň üstüni ýetirdi.
Zehinli futbolçy sözüniň ahyrynda umumy maksatlara ýetmek üçin toparlaýyn işlemegiň möhümdigini aýtdy.