Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň gubernatory bilen duşuşyk geçirildi

17:1726.01.2024
0
27665
Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň gubernatory bilen duşuşyk geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň gubernatory Ýakub Ali Nazari bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda bolan duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Eýran bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara ynama eýe bolan häsiýetini belläp, onuň yzygiderli we depginli ösdürilmegine ýokary derejedäki gepleşikleriň täsir edýändigini nygtadylar.

Taraplar iki döwletiň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmasyny beýan etdiler. Şunda Türkmenistanyň Mary welaýaty bilen Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň arasynda gol çekilen Ähtnama üns çekildi.

Şeýle hem Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň gubernatorynyň ýolbaşçylygyndaky wekilýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň ozal gol çekilen resminamany iş ýüzünde durmuşa geçirmekde wajyp ähmiýete eýedigi hem bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň