Top.Mail.Ru

Arhiw

25-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

15:0625.01.2024
0
18107

Pekinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji kitaby tanyşdyryldy, Türkmenistan we Ýaponiýa sanly tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar, Aşgabadyň haýwanat bagynda ilkinji gezek leopardyň çagasy görkezildi we beýleki habarlar


Türkmenistanda


1. Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Hytaýyň milletler uniwersitetiniň alymlary, Hytaý atçylyk senagaty assosiasiýasynyň Baş sekretary we Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Ýue Gaofen, şeýle hem ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

2. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýa iş saparynyň dowamynda ýurduň sanly ulgam işleri boýunça ministri Taro Kono bilen duşuşdy. Taraplar ykdysadyýeti we infrastrukturany sanlylaşdyrmak, kiberhowpsuzlyk, emeli aň ulgamlarynda we beýleki öňdebaryjy IT çözgütleri boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

3. Aşgabadyň haýwanat bagyna gelenlere Alynky Aziýa leopardynyň Dursun lakamly alty aýlyk çagasy ilkinji gezek görkezildi. Leopard çagajygy tomusda doguldy we geçen wagtyň dowamynda ol ejesiniň – Maýa lakamly ene leopardyň gözegçiligi astynda boldy. Olar ýörite enjamlaşdyrylan jaýda saklanyldy. Haýwanat bagynyň işgärleri çaga leopardyň ösüp ulalmagy üçin iýmitden başlap, oňaýly bukalga çenli ähli amatly şertleri döretdiler. Çaga leopard eýýäm et iýýär, ýöne entek ene süýdünden ýüz öwürmeýär.

4. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilim edaralarynda bilm alýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça döwlet olimpiadasynyň geçiriljekdigini habar berdi. Bäsleşik üç tapgyrda – 4-nji fewralda, 18-nji fewralda we 10-njy martda Türkmenistanyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde geçiriler. Birinji tapgyr gönüden-göni ýurduň bilim merkezlerinde, ikinjisi ähli welaýatlardaky ýokary okuw mekdeplerinde, üçünji tapgyr bolsa Aşgabatdaky Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçiriler.

5. «Gólli» türkmen modalar öýi Pariž şäherinde geçirilen «Oriental fashion show» moda görkezilişinde zenan lybaslarynyň toplumyny tanyşdyrdy. Bu lybaslar toplumy Türkmenistanyň taryhyndan we medeniýetinden ylham alnyp döredilendir. Ondaky ähli lybaslar milli türkmen bezegleri we özboluşly nagyşlar ulanmak bilen ýüpekden tikilendir.

6. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Lebap welaýat adalat bölüminiň işgärlerine täze öýleriň açarlary gowşuryldy. Täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda boldy. Türkmenabat şäherinde ulanmaga berlen 4 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýy ýokary amatlykly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan üç we dört otagly öýlerden ybaratdyr.

Dünýäde

7. Italiýada XV asyra degişli öňki ybadathanada toý pursatynda pol ýykyldy. Bu wakanyň netijesinde, 30-dan gowrak adam, şol sanda öýlenýän ýigit bilen gelin hem 4 metr beýiklikden ýykyldy. Wakanyň bolan ýerine halas edijiler we polisiýa işgärleri geldi. Ejir çekenler, şol sanda ýaş çatynjalar hassahana äkidildi. Olaryň hemmesi diri galdy. Ýaş çatynjalar eýýäm binanyň eýelerine garşy prokuratura ýüz tutdular.

Sport habarlary


8. Erkin göreş boýunça Türkmenistan ýygyndy topary 25 – 29-njy ýanwar aralygynda Krasnoýarskide geçiriljek «Iwan Ýaryginiň kubogy» halkara ýaryşynda çykyş etmäge taýýarlanýar. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Alp Arslan Begenjow, Zyýamuhammet Saparow we Döwletmyrat Orazgylyjow çykyş eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň