Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Belarus söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

09:5026.01.2024
0
23322

Moskwada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen Belarus Respublikasynyň Russiýadaky ilçisi Dmitriý Krutoýyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, iki ýurtda söwda öýleriniň işi, Merkezi Aziýadaky ykdysady hyzmatdaşlyk, «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesi barada hem pikir alşyldy diýip, Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasy habar berýär.

ilçiler Türkmenistan bilen Belarus arasynda dürli derejelerde, şol sanda GDA ýurtlarynda geçiriljek mejlisleriň tertibini hem maslahatlaşdylar. Belarus uniwersitetlerine türkmen talyplaryny kabul etmek meselelerine-de aýratyn üns berildi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň