Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde gar gatyşykly ýagyşyň ýagmagyna garaşylýar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda ýerleşdirilen habarda şeýle bellenilýär:
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine -1... -6 gradusdan +3... +8 gradus aralygynda, gündizlerine +12... +17 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7... +12 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine -1... -6 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda, gündizlerine +1... +6 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine 0... -5 gradusdan +1... +6 gradus aralygynda, gündizlerine +2... +7 gradusdan +5.. +20 gradus aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine -2... -7 gradusdan +1.. +6 gradus aralygynda, gündizlerine 0... +5 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine -5... -10 gradusdan -1...+4 gradus aralygynda, gündizlerine 0... -5 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl bolar.
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine -3... -5 gradusdan +4... +6 gradus aralygynda, gündizlerine +3... +5 gradusdan +15... +17 gradus aralygynda maýyl bolar.