Tennis boýunça Awstraliýanyň açyk çempionatynda erkekleriň arasyndaky ýaryşyň çärýekfinalçylary belli boldy.
Häzirki çempion, dünýäniň birinji raketkasy Nowak Jokowiç dünýäniň iň güýçli tennisçileriniň sanawynda 12-nji orny eýeleýän amerikaly Teýlor Fris bilen duşuşar. Reýtingiň 2-nji basgançagyndaky ispaniýaly tennisçi Karlos Alkarasyň garşydaşy bolsa 6-njy raketka ― germaniýaly Aleksandr Zwerew bolar.
Şeýle hem dünýäniň 3-nji raketkasy, russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 9-njy ornuň eýesi, polşaly Hubert Hurkaç bilen, bäşinjilikdäki Andreý Rublýow bolsa häzirki sanawyň 4-njisi italiýaly Ýannik Sinner bilen güýç synanyşar.
Australian Open ― Uly tuwulga tapgyrynyň iň abraýly ýaryşlarynyň biridir. Şu ýyl ol 14 ― 28-nji ýanwar aralygynda geçirilýär. Ýaryşyň baýrak gaznasy 58 million dollara ýetýär.