Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Baş agentligi Moskwa — Aşgabat — Kuala-Lumpur we Moskwa — Aşgabat — Hoşimin şäherini birleşdirýän uçuşlaryň başlandygyny habar berdi.
Kuala-Lumpur şäherine yzygiderli gatnawlar 15-nji fewraldan we Hoşimin şäherine 5-nji martdan başlar. Uçuşlar «Boeing 777» uçarlarynda amala aşyrylar.
Iki ugur boýunça ekenom-synpynda uçuşlar üçin iki taraplaýyn petekleriň bahasy 55 müň rubldan başlar.
Russiýa Federasiýasyndan Kuala-Lumpur şäherine yzygiderli gatnawlar 15-nji fewraldan 30-njy mart aralygynda sişenbe, çarşenbe we penşenbe günleri, soňra bolsa 31-nji martdan 26-njy oktýabr aralygynda sişenbe we penşenbe günleri amala aşyrylar.
Russiýadan Hoşimin şäherine uçuşlar 5 — 30-njy mart aralygynda sişenbe, çarşenbe we penşenbe günleri, soňra bolsa 31-nji martdan 26-njy oktýabr aralygynda anna, şenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrylar.
Uçuşlar boýunça maglumatlary Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Baş agentliginiň resmi web sahypasyndan görüp bilersiňiz.