Top.Mail.Ru

Arhiw

Işewürlik-daýjest: 16 – 22-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri

12:1222.01.2024
0
12992

«Turkmenportalyň» nobatdaky işewürlik-daýjestinde Türkmenistanyň geçen hepdedäki esasy ykdysady wakalary barada okap bilersiňiz.

Gün tertibine Ýurduň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasy, senagatda we oba hojalygynda täze önümçilik desgalaryny işe girizmegiň meýilnamalary, 2023-nji ýylyň netijeleri boýunça nebit öndürýän kompaniýalaryň we deňiz söwda flotunyň rekord görkezijileri girizildi.

Şeýle hem hepdelik synyň bu sany Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda energetika hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi, ýurtlaryň arasyndaky ýük daşamalarynyň ýeňilleşdirilmegi we Russiýa oba hojalyk önümleriniň eksportynyň artdyrylmagy baradaky habarlary öz içine alýar.

Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasy

19-njy ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynyň taýýarlanylandygy barada hasabat berdi.

Resminamada iri infrastruktura taslamalarynyň – strategik ähmiýe eýe bolan TOPH gaz geçirijisiniň, Balkan welaýatynda täze Halkara howa menziliniň, kuwwaty 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşyklaryny dowam etdirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Sebitde ilkinji innowasion «akylly şäher» bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary durmuşa geçiriler.

Mundan başga-da, köp mukdarda maýa goýumlar durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň hem-de inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygyna gönükdiriler.

Senagat

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi demir garyndyly önümleri öndürýän kärhanany gurmak mümkinçiligini öwrenýär. Täze kärhanada ferrosiliýa, kremniý karbidi we tehniki kremniý ýaly uly islegden peýdalanýan materiallary öndürmek göz öňünde tutulýar.

Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Senagat ministrligi ýylylyk we ses izolýasiýa plitalaryny hem-de matalary, şeýle hem üznüksiz süýümleri öndürýän zawodyň gurluşygynyň taslamasyny bahalandyrýar. Zawody Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde gurmak meýilleşdirilýär.

Ýangyç-energetika toplumy

Eýranyň nebit ministri Jawad Owji sapar bilen Türkmenistana geldi. Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşykda iki ýurduň nebitgaz ulgamynyň hünärmenleriniň hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlejekdikleri bellenildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda energetika edaralarynyň arasynda gatnaşyklary giňeltmäge bolan gyzyklanma beýan edildi.

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy 2023-nji ýylda türkmen sarp edijilerine 2 million 760 müň tonna, eksport üçin bolsa 1,3 million tonna nebit önümlerini iberdi. Bu toplumda benziniň dürli görnüşleri, kerosin, dizel ýangyjy, mazut, motor ýaglary, polipropilen, ýyladyjylar üçin ýangyç, koks, suwuklandyrylan gaz we köp sanly beýleki nebit önümleri öndürildi.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri «gara altynyň» 580,8 müň tonnadan gowragyny çykaryp, 2023-nji ýylda nebit çykarmak boýunça täze rekord goýdular. Bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 15,5 göterim köpdür.

«Awaza» döwlet elektrik stansiýasy 1 milliard 133 million kilowatt sagatdan hem köp elektrik toguny sarp edijilere ýetirip, elektrik energiýasyny öndürmek boýunça meýilnamasyny 104 göterim ýerine ýetirdi.

Ýük daşamalary

Türkmenistanyň we Eýranyň gümrük edaralary «Artyk — Lotfabad» geçelgesinden awtoulagly ýük daşamalarynyň mümkinçiliklerini artdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda ýük daşamalary boýunça amallary ýeňilleşdirmek, hususan-da, ygtyýarly işgärleriň iş wagtyny köpeltmek, ýük ulaglarynyň sürüjilerine wizany ýeňilleşdirilen tertipde resmileşdirmek hem-de barlag wagtyny azaltmak meseleleri maslahatlaşyldy.

2023-nji ýylda «Deňiz söwda floty» ÝGPJ Hazar deňziniň daşary ýurt portlaryna we öz hasaba alnan portuna 2 million tonnadan gowrak ýük daşady. Olaryň hatarynda nebit önümleri, gurluşyk materiallary, dökünler, däne, konteýnerler, ürgün ýükleri hem-de beýleki ýerli we üstaşyr ýükler bar.

Söwda

2024-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň öňünde elektron söwdalary geçirmegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, ýurduň Söwda-senagat edarasynyň öňünde bolsa häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly sergileri we maslahatlary guramak wezipeleri goýuldy.

Oba hojalygy

2024-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistan Moskwa oblastyna 2 müň tonna ter pomidor iberdi we Russiýany bu önüm bilen üpjün edijileriň iň irileriniň biri hökmündäki derejesini berkitdi. Türkmen pomidorlary ýüklenen 116 awtoulag fitosanitar barlagyny üstünlikli geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň