Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly Saparmyrat Atabaýew abraýly «Ak pil» küşt ýaryşynyň ýeňijisi boldy

11:5520.01.2024
0
70277

Küşt boýunça halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýän 24 ýaşly türkmenistanly ussat türgen Saparmyrat Atabaýew Türkiýede geçirilen abraýly «Ak pil» ýaryşynda ýeňiji boldy.

Ýaryşa jemi 27 küştçi gatnaşyp, ol şweýsariýa ulgamyna laýyklykda 7 tapgyrda geçirildi. Saparmyrat Atabaýew 6,5 utuk gazanmak bilen, 6 ýeňiş we 1 deňme-deňlik gazandy. Bu iň ýakyn garşydaşy, türkiýeli ussat küştçi Tarhan Adardan öňe saýlanmak üçin ýeterlik boldy diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşiri habar berýär.

Geçen ýyl Atabaýewiň Özbegistanda geçirilen “Rokirowka-2023 Masters” küşt festiwalynda ýeňiji bolup, grossmeýster derejesini almak üçin ähli talaplary ýerine ýetirendigini ýatladýarys.

Şeýlelik bilen, ýaş türkmen grossmeýster uly halkara ýaryşlarda hem ýokary derejeli oýny bilen çykyş edip bilýändigini subut edip, öňegidişligini dowam etdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň