Top.Mail.Ru

Arhiw

«Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirligi tarapyndan 580 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy

10:4219.01.2024
1
28761

«Türkmennebit» döwlet konserniniň baýry ýataklarynda iş alyp barýan «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri 2023-nji ýyly üstünlikli jemlediler. Bu ýerde şol döwürde nebit berýän guýulardan çykarylyp, döwlete tabşyrylan «gara altynyň» umumy möçberi 580,8 müň tonnadan hem köp boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Bu görkeziji bellenilen ýyllyk tabşyrygyň 112,6 göterim berjaý edilendiginden habar berýär. 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depginini 115,5 göterime çenli ýokarlandyrmagy başaran gumdagly nebitçiler täze ýylyň ilkinji aýynyň meýilnamasyny-da möhletinden öň ýerine ýetirmegi maksat edinýärler.

Habarda bellenilişi ýaly, kuwwatly desgalardyr enjamlara başarjaňlyk bilen erk edýän hünärmenleriň irginsiz tagallalary netijesinde önüm berýän guýulara tehniki hyzmat öz wagtynda we döwrebap ýola goýulýar. Kärhana boýunça hasabat döwründe tabşyryga goşmaça 4,4 million kub metre golaý mawy ýangyjyň çykarylmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň