Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ak Ýol Cola» promo-aksiýasy gymmat bahaly sowgatlary utmaga mümkinçilik berýär

17:2517.01.2024
0
44716

Gazlandyrylan içgileri öndürýän «Ak Ýol» kärhanasy «Ak Ýol Cola» görnüşli içgilerinde promo-aksiýa çäresiniň dowam edýändigi barada ýatladýar. Onuň çäklerinde alyjylar gymmat bahaly sowgatlary utup bilerler.

Bu promo-aksiýa çäresi «Ak Ýol Cola» haryt nyşany bilen 0,3 litr, 0,5 litr hem-de 1 litr göwrümli oňaýly plastik gaplarda hödürlenýän, tagamy bilen eýýäm köpleriň göwnüni göteren gazly içgiler bilen ajaýyp sowgatlara eýe bolmaga uly mümkinçilikdir.

Içgileriň ýokary hili dünýäde öňdebaryjylygy eýeleýän Germaniýanyň «Krones» kompaniýasynyň häzirki zaman guýma-gaplama enjamlarynyň esasynda üpjün edilýär. Ol «Ak Ýol Cola» içgilerini guýmakdan başlap, tä ahyrky gaplamaga çenli ähli tapgyrlarda halkara standartlaryna laýyklykda öndürmäge mümkinçilik berýär.

«Ak Ýol» önümlerini eksport etmegiň mümkinçiliklerini işjeň ösdürmek bilen, häzirki wagtda olary goňşy ýurtlaryň üçüsine ýerleýär, şunuň bilen birlikde hem täze bazarlara çykmagy meýilleşdirýär.

Gazlandyrylan içgileri öndürýän türkmen kärhanasy şeýle hem hyzmatdaşlaryny 5 — 9-njy fewral aralygynda Moskwadaky «Экспоцентр» merkezi sergi toplumynda geçiriljek halkara sergide hödürleýän diwarlygyna baryp görmäge çagyrýar. Bu diwarlygy 8-nji belgili pawilýonda görüp bolar.

Lomaý alyjylar we sargyt edijiler üçin «Ak Ýoluň» habarlaşmak üçin salgylaryny ýetirýäris: 744010, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etraby, Garagum köçesiniň 10-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgileri: (+993 65) 55 59 44, (+993 12) 24 47 07;
  • elektron poçta salgysy: akyolmanager@gmail.com; info@akyol-miwe.com.tm;
  • web saýty: akyol-miwe.com.tm
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň