Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mary DES-de 14 milliard ki­lo­wat sa­gada golaý elekt­rik ener­gi­ýa­sy ön­dü­ri­ldi

10:3317.01.2024
0
18070

Ma­ry döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy­nda hä­zir­ki wagt­da bir gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da 45 mil­li­on ki­lo­wat sa­gat elekt­rik ener­gi­ýa­sy ön­dü­ril­ýär. 2023-nji ýyl­da stan­si­ýa­da 13 mil­liard 874 mil­li­on 532 müň 839 ki­lo­wat sa­gat elekt­rik ener­gi­ýa­sy ön­dü­ri­ldi. Netijede ýyl­lyk ösüş dep­gi­ni 100,9 gö­te­ri­me deň bol­dy diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ön­dü­ril­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy içer­ki sarp edi­ji­ler bi­len bir­lik­de, Eý­ra­na, Öz­be­gis­ta­na hem ug­ra­dyl­ýar.

Mary döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de umu­my kuw­wa­ty 1574 MWt bo­lan ut­ga­şyk­ly do­la­ny­şyk­da iş­le­ýän kuw­wat­ly elekt­rik stan­si­ýa­syn­da öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryň tä­ze mik­rop­ro­ses­sor do­lan­dy­ryş ul­gam­la­ry­nyň otur­dyl­ma­gy ener­gi­ýa­ny di­ňe bir ön­dür­mek bi­len çäk­len­män, ony sak­la­ma­ga, uzak ara­lyk­la­ra ge­çir­mä­ge, teh­no­lo­gik çyk­da­jy­la­ry azalt­ma­ga-da ýar­dam ber­ýär diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň