Soňky habarlar

Arhiw

16-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

14:3516.01.2024
0
15079

Türkmenistanda aspirantura we doktorantura kabul ediljekleriň sany tassyklandy, Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi, «Petronas» Türkmenistanda işlemek üçin hünärmenleri gözleýär we beýleki habarlar


Türkmenistanda


1. Türkmenistanyň Prezidenti 2024-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sanyny tassyklady.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyny ösdürmegiň meseleleri boýunça sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine sebitlerde ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meseleler girizildi. Häkimler ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görlüşiniň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Şeýle hem welaýatlarda ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy we agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýratyn hasabatlar berildi.

3. Malaýziýanyň «Petronas» nebitgaz kompaniýasy Türkmenistanda işlemek üçin ýokary hünär derejeli hünärmenleriň işe alyndygyny yglan etdi. Boş iş orunlary Aşgabatda we Gyýanly şäherçesinde açyldy. Aşgabatda guýyny tamamlamak boýunça inženerler gözlenilýär. Gyýanly şäherçesinde terjimeçiniň we zähmet goragy boýunça inspektoryň boş iş orunlary açyldy.

4. Adaty bolmadyk yssy howadan soň, Türkmenistanyň paýtagtyna sowuk howa akymy aralaşdy we ýagyş hem-de gar görnüşinde ygal düşdi. Çarşenbe güni howa +8 gradus gyzar, gündizine howanyň ortaça temperaturasy bolsa +4 gradusa deň bolar. Penşenbe we anna günleri termometriň diljagazy +10 – +11 gradusy görkezer, gündizine howanyň ortaça temperaturasy bolsa +7 gradus bolar. Dynç günleri gündizine howanyň iň ýokary temperaturasy +14 gradusa çenli ýokarlanar.

5. Merkezi Aziýa ýurtlaryna amala aşyryljak saparlaryň çäklerinde çäklerinde 17-nji ýanwarda Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýeti resmi sapar bilen Türkmenistana geler. Sapar 29-30-njy ýanwarda Brýusselde geçiriljek «Ýewropa — Merkezi Aziýa» maýa goýum forumynyň öňüsyrasynda amala aşyrylar we Ýewropa Bileleşigi bilen sebitiň arasyndaky barha artýan hyzmatdaşlygyň subutnamasyna öwrüler.

6. Türkmenistanyň Türkiýedäki Baş konsuly Muhammetnur Öwezow bilen Stambulyň gubernatory Dawud Gülüň şu günki duşuşygynda iki ýurduň şäherleriniň arasynda doganlaşan şäher gatnaşyklaryny ýola goýmak, şeýle hem Arkadag we Stambul şäherleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň barşynda Stambulda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleri goldamaga gönükdirilen medeni çäreleriň geçirilmegine aýratyn üns çekildi.

Dünýäde

7. Çehiýaly dört ýaşly Zara Şifra Ewerestiň başlangyç düşelgesine gelen dünýäniň iň ýaş alpinisti boldy. Gyzjagaz ene-atasy we ýedi ýaşly dogany bilen deňiz derejesinden 5300 metr belentlige çykdy. Zara çagalykdan tälim alýardy, geçen ýyl ol jeňňeligiň içi boýunça 2200 kilometrden gowrak ýol geçdi. Gyzjagazyň täzelan rekordy ozal bäş ýaşly hindistanly oglanlyga degişlidi.

8. Orlando şäherinde «Miss Amerika 2024» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Onda ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň serkerdesi, 22 ýaşly Medison Marş ýeňiji boldy. «Miss Amerika 2024» atly gözellik bäsleşigine 51 wekil gatnaşdy. 11 gyz ýaryşyň ýarym finalyna çykdy. Bäsleşige gatnaşyjylar dört şertden geçmeli boldular: sport lybasynda sahnada ýöremek, «wajyp meseleler» barada garaýyşlaryny aýtmak, zehinlerini görkezmek we agşamky köýnekleri tanyşdyrylmak. Medison Marş şeýle baýraga eýe bolan ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň ilkinji serkerdesi boldy.

Sport habarlary

9. «Roma» baş tälimçi Žoze Mourinýo bilen şertnamanyň ýatyrylandygyny habar berdi. Rimiň futbol toparynyň metbugat gullugynyň beýanynda 60 ýaşly hünärmeniň işden gitmek baradaky kararynyň klubyň bähbidine edilendigi aýdylýar. Rimiň futbol toparyýakyn wagtda täze baş tälimçi bellär. «Roma» 20 oýundan soň Seria A-da 9-njy orunda barýar.

10. Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary altynasyrfk.com salgysy boýunça elýeterli bolan resmi web-saýtyny işe girizdi. Täze saýtda ýurduň sekiz gezek çempionynyň baý taryhy giňişleýin beýan edilýär. Baş sahypada toparyň öňki ýeňişleriniň suratlary ýerleşdirilipdir. Ýaryşlar bölüminde toparyň häzirki gazananlary barada gürrüň edilýär. Umuman, saýtda topar barada gyzykly maglumatlar jemlenipdir, şeýle hem oýunçylardan başlap, toparyň ýolbaşçylar düzümi bilen tanyşmaga hem giň mümkinçilik döredilipdir.

11. Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty – 2024 dört aýlawda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleriniň möwsümden öňki däp bolan mejlisiniň netijeleri boýunça mälim edildi. Mejlisiň dowamynda şu ýylyň mart aýynda başlamagy göz öňünde tutulýan möwsümiň oýunlaryny geçirmegiň tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy we ylalaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň