Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Täze möwsümiň öňüsyrasy Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda maslahat ýygnagy geçirildi

17:4715.01.2024
0
23241

Şu gün, 15-nji ýanwarda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň konferens zalynda 2024-nji ýylyň futbol möwsümi bilen bagly maslahat ýygnagy geçirildi. Türkmenistanyň futbol çempionatyna gatnaşýan toparlaryň ýolbaşçylarydyr tälimçileriniň gatnaşmagyndaky maslahat ýygnanyşygy TFF-niň başlygynyň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetirýän Berdimyrat Nurmyradowyň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Maslahatyň dowamynda 2024-nji ýylyň futbol möwsüminiň geçiş tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gelnen netijä laýyklykda, 2024-nji ýylyň futbol möwsümi toparlarymyzyň gatnaşmagynda 4 aýlawdan ybarat bolar. Futbol möwsümini 2024-nji ýylyň mart aýynda başlamaklyk göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň