«Çapar»: gündelik meseleleri çözmek üçin amatly ykjam programma

14:3315.01.2024
0
32563

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň «Çapar» ykjam programmasynyň Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň arasynda meşhurlygy barha artýar. Ol ulanyjylara öýünden ýa-da iş otagyndan çykmazdan, dürli gündelik wezipeleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Ykjam programma üç dilde: türkmen, rus we iňlis dillerinde elýeterli bolan düşnükli we amatly ulanyjy interfeýsine eýedir. Onda dürli ugurlara degişli, şol sanda sowal-jogap we heläkçilik gulluklary, döwlet hem-de sebit guramalary, gyssagly kömek gulluklary barada giň gerimli maglumatlar, howa menzilleriniň, myhmanhanalaryň, kafeleriň, «Türkmenpoçta» PAK-nyň bölümleriniň belgileri we beýleki maglumatlar saklanýar.

«Çapar» hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär, şol sanda:

• «gapydan-gapa» ibermek boýunça «Türkmenpoçtanyň» çaparyny çagyrmak;
• ýol hereketiniň düzgünlerini bozandygy üçin jerimeleriň bardygyny ýa-da ýokdugyny barlamak we olary tölemek;
• öýjükli we öý telefonlarynyň, internetiň, IPTV-niň, «Älem TV-niň», «Belet Film» onlaýn kinoteatrynyň hasabyny doldurmak, «Aydym.com» aýdym-saz portalyna ýazylmak;
• jemagat hojalygy hyzmatlarynyň (elektrik energiýasy, gaz , suw) töleglerini tölemek.

«Çaparda» ähli tölegler Türkmenistanda hereket edýän islendik bank kartlaryndan awtomatiki usulda amala aşyrylýar. Müşderileriň şahsy maglumatlarynyň howpsuzlygy häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilýär we kepillendirilýär.

«Çapar» ykjam programmasy «Google Play-de» we «App Store-da» ýükläp almak üçin elýeterlidir.

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň alyp barýan işi barada has giňişleýin maglumaty 075 belgä gysga jaň edip alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň