Soňky habarlar

Arhiw

“Altyn Asyr” toparynyň resmi web-saýty işe girizildi

16:5115.01.2024
0
20011

Ýurdumyzyň 8 gezek çempiony paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” futbol klubunyň resmi web saýty işe girizildi - www.altynasyrfk.com. Täze açylan saýtda paýtagtymyzyň toparynyň saldamly geçen futbol ýoly giňişligi bilen beýan edilýär. Onuň baş sahypasynda toparyň gazanan ýeňişleri taryhy suratlarda öz beýanyny tapýar.

Ýaryşlar bölüminde toparyň häzirki wagta çenli gazanan üstünlikleri barada jikme-jikligi bilen gürrüň edilýär. Umuman, toparyň hünärmenleriniň tagallasy bilen işe girizilen saýtda “Altyn Asyr” topary bilen bagly gyzykly maglumatlar, şeýle-de, oýunçylardan başlap, toparyň ýolbaşçylar düzümi bilen tanyşmaga hem giň mümkinçilik döredilipdir.

“Altyn Asyr” toparynyň Türkmenistanyň futbol klublarynyň arasynda ilkinji bolup resmi web saýty işe girizendigini bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň