Şu gün — 12-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 2024-nji ýyl üçin Iş meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Iş meýilnamasynyň taslamasy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» we «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022—2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyndan», şeýle hem daşary-syýasy we daşary-ykdysady meseleleri öz içine alýan döwlet we hökümet derejesinde kabul edilen kadalaşdyryjy-hukuk namalaryndan gelip çykýan wezipeleriň esasynda taýýarlanyldy.
Resminama ýurduň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny amala aşyrmak, daşary syýasy we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, halkara gatnaşyklaryň has-da ynsanperwer bolmagyna goşant goşmak ýaly esasy wezipeleriň ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir.
Hususan-da, resminamada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy we 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle hem döwlet Baştutanynyň kabul eden resminamalaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň diplomatik gullugy tarapyndan ähli zerur bolan işleriň guralmagy we durmuşa geçirilmegi babatdaky çäreler göz öňünde tutulýar.
Iş meýilnamasynda Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi babatda alnyp baryljak işler hem beýan edilýär.
Daşary ýurt döwletleri bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ikitaraplaýyn saparlary we syýasy geňeşmeleri guramak göz öňünde tutulýar.
Iş meýilnamasyna laýyklykda, dürli ýurtlar bilen medeniýet, ylym, bilim, sport, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ulgamlarynda maslahatlary, okuw sapaklaryny, sergileri we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, agzalan meýilnama halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk, maglumat işleri, sanly diplomatiýa ýaly ugurlary öz içine alýar. Onda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak hem göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň özüniň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna pugta eýermek bilen, dünýäde ählumumy abadançylyga gönükdirilen işjeň daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi.
— Geljekde hem Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirip, parahatçylygy söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürip, «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli amala aşyrarys — diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.