Geçen 2023-nji ýylyň noýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Russiýadan import eden harytlarynyň möçberi 362,4 million dollara, Russiýa Federasiýasyna eksporty 69 million dollara çenli artdy. Bu barada ýurduň Statistika edarasyna salgylanýan «Trend» ýazýar.
Çap edilen maglumatlara laýyklykda, Russiýadan harytlaryň importy 2023-nji ýylyň oktýabry bilen deňeşdirilende, 32 göterim ýokarlanyp, 274,4 mln dollary düzdi. Şeýle hem noýabrda ABŞ-dan Russiýa eksport 69 mln dollara ýetdi, bu oktýabr aýyndakydan 98,3 göterim köpdür diýlip, habarda bellenýär.