Soňky habarlar

Arhiw

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatyna badalga berildi

12:0011.01.2024
0
40928

10-njy ýanwarda hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümine badalga berildi. Möwsümiň ilkinji duşuşygynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Şir» hokkeý topary «Merdana» toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi.

Täze möwsümiň açylyş duşuşygy mundan 10 ýyl ozal türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan açylyp, ulanylmaga berlen «Galkan» gyşky oýunlar sport toplumynda geçirildi. Bu toplum Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişlidir. Milli çempionatyň duşuşyklary bu toplumdan başga-da, paýtagtyň Arçabil köçesiniň ugrunda ýerleşýän Milli olimpiýa sport köşgünde we Atatürk hem-de Oguzhan köçeleriniň çatrygyndaky «portuň gyşky görnüşleri sport toplumynda geçiriler.

Dokuzynjy gezek geçirilýän milli çempionatyň täze möwsüminde alty topar ýaryşýar. Olar ýurduň sekiz gezek çempiony bolan «Galkan» (Içeri işler ministrligi), «Nesil» (IIM-niň instituty), «Şir» (Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi), «Watançy» (Goranmak ministrliginiň Harby instituty), «Oguzhan» («Türkmengaz» döwlet konserni) we «Merdana» (Döwlet serhet gullugy) hokkeý toparlarydyr.

Çempionatyň täze möwsümine girişmezden öňürti Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň 2024-nji ýylda geçirilmegi we gatnaşylmagy meýilleşdirilýän ýaryşlar bilen bagly maslahat geçirendigini aýtmak gerek. Ýurduň milli ýygyndysy şu ýylyň 10 ― 16-njy marty aralygynda Gyrgyz Respublikasynda geçiriljek dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynyň «A» toparçasynyň duşuşyklaryna gatnaşar. Şeýle hem şol aýda ýurduň 18 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynda geçiriljek dünýä çempionatynda ýaryşar.

Maslahatda aýdylyşy ýaly, türkmen ýygyndylarynyň dünýä çempionatlarynyň ikisine-de taýýarlykly barmagyny gazanmak üçin Belarus Respublikasynyň Minsk şäherindäki «Raubiçi» sport toplumynyň binýadynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, dostlukly döwletiň sport we syýahatçylyk ministri Sergeý Kowalçuk geçen ýylyň tomsunda Aşgabat şäherine sapar bilen gelende türkmen hokeýçilerini Minsk şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmek üçin çagyrypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň