Ýaponiýanyň Isikawa prefekturasynyň Noto ýarymadasynda 1-nji ýanwarda bolan güýçli ýer yranmasynda pida bolanlaryň sany 200 adama ýetdi diýip, 9-nji ýanwarda «Gazeta.uz» habarlar gullugy habar berdi.
Ýertitreme netijesinde Wadzima we Suzu şäherlerinde 70, Anamidu şäherinde 11 we Nanao şäherinde 5 adamy halas etmek başartmady, prefekturada jemi 565 adam ejir çekdi.
Şeýle-de häzire çenli 103 adamyň aragatnaşyga çykmaýandygy habar berilýär.
«Regnum» habarlar gullugy 1-nji ýanwarda Isikawada iki gezek güýçli ýer sarsgynyň bolandygyny, onuň Osakada, Kiotoda we Tokioda duýulandygyny ýazýar.
Ýertitremeden dört gün geçensoň, sebitiň Sudzu şäherinde ýumrulan öýüň harabasyndan bir adamyň halas edijiler tarapyndan tapylyp, halas edilendigi habar berilýär.