Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň nebitgaz toplumy boýunça 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynda möhüm wezipeler kesgitlendi

23:4606.01.2024
0
36164

Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýyl üçin taýýarlanylan iş meýilnamalaryna laýyklykda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň öňünde nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, tebigy we ugurdaş gazy, nebiti we gaz kondensatyny çykarmak, suwuklandyrylan gazy öndürmek, şeýle hem türkmen tebigy gazyny, nebiti gaýtadan işlemekden alnan önümleri daşarky bazarlara eksport etmek wezipeleri kesgitlenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün — 6-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde degişli wise-premýer B.Amanowyň hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň öňünde nebite we gaza baý gurluşlary ýüze çykarmak, gaty magdanlary we ýerasty suwlary gözlemek, ylmyň soňky gazananlaryny we innowasiýa tehnologiýalaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak wezipeleri durýar.

Nebitgaz toplumynda täze iş orunlaryny döretmek, ylmy açyşlary we oýlap tapyşlary önümçilige ornaşdyrmak bilen bir hatarda, toplumda ýaş hünärmenleriň ylmy işler bilen meşgullanmagy, hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçmegi, halkara tejribäni öwrenmegi baradaky çäreler göz öňünde tutuldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, alnyp barylýan energetika syýasaty netijesinde, ýurduň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz toplumynyň yzygiderli ösýändigini belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere 2024-nji ýylda ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere jogapkärli çemeleşmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň