Robert Kennedileriň kiçisi ABŞ-nyň Prezidentiniň öňde duran saýlawlaryna gatnaşmak üçin ýurduň Ýuta ştatyndan gerek bolan gollary toplady. Bu barada syýasatçynyň resmi saýtyna salgylanýan «Report» habar berdi.
Şunlukda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 2024-nji ýylda geçjek döwlet Baştutanynyň saýlawlaryna gatnaşjak täze dalaşgär belli boldy diýlip, habarda bellenýär.