29-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Ruhyýet» köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.
2024-nji ýylyň şygary we nyşany yglan edildi
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýetip gelýän ýylyň täze nyşany tassyklandy.
Halkara hyzmatdaşlygy
Goňşy ýurtlaryň birnäçesiniň wekilleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny öz dillerine terjime etmek barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýüz tutdular.
Jemgyýet
Şäherlerde we obalarda jemgyýetçilik ulaglarynyň kadaly gatnamagyny üpjün etmegi, ilata aragatnaşyk hyzmatlarynyň bökdençsiz üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
2023-nji ýylyň deslapky san maglumatlary
Ministrler Kabinetiniň 46, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 10 mejlisi, şeýle hem dürli döwlet maslahatlarynyň 44-si geçirildi.
Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň 10 göterim artdyrylan möçberleri öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy bina edildi.
2023-nji ýylyň möhüm wakalary
Arkadag şäheri açyldy we bu şähere kanunçylyk esasynda aýratyn hukuk derejesi — döwlet ähmiýetli şäher derejesi berildi.
Aşgabat şäheri «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizildi.
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» hem-de «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi.
Şeýle-de okaň: