Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) bagyşlanan okuw-usulyýet maslahatlary geçirildi. Maslahata mugallymlar toparynyň wekilleri we bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Şeýle maslahatlaryň biri Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde hyzmatdaşlyga bagyşlandy we «Parahatçylyk we ynanyşmak halkara hyzmatdaşlygyň ösmeginiň möhüm şertidir» diýlip atlandyryldy. Oňa gatnaşanlar tematiki hasabatlaryň birnäçesi bilen çykyş etdiler. Çykyşlarda umumy gyzyklanmalara, deňlik ýörelgelerine, asudalyga we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň halkara jemgyýetçilikdäki orny, dünýä ýurtlary bilen oňyn we dostlukly gatnaşyklar barada gürrüň edildi.
«Türkmenistan: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýoly» atly maslahat deňiz ekoulgamlaryny gorap saklamaklyga bagyşlandy. Bu ýerde deňiz ekoulgamlarynyň ýok edilmeginiň sebäpleri we netijeleri, olary gorap saklamagyň ähmiýeti barada çykyşlar edildi. Bu ugurda ileri tutulýan meseleler hem beýan edildi.
Ýokary okuw mekdebiniň Diller kafedrasy tarapyndan parahatçylyga, adalata we täsirli guramalara bagyşlanan «Täsirli guramalar durnukly ösüşiň açarydyr» şygary bilen okuw-usulyýet maslahaty geçirildi. Gatnaşanlar türkmen tarapy we halkara guramalar tarapyndan bilelikde alnyp barylýan wagyz-nesihat we jemgyýetçilik çäreleriniň ähmiýetini bellediler.
Bilelikdäki duşuşyklar institutyň amaly mehanika kafedrasy tarapyndan guraldy. Wekiller türkmen ýaşlarynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde goşan goşandyna, ýokary okuw mekdebinde we ýurtda bu ugurda gazanylan görnükli üstünliklere ýokary baha berdiler.