Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen we Ýerewan döwlet uniwersitetleri ylmy-medeni hyzmatdaşlygy giňeldýärler

12:2026.12.2023
0
29866

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ýerewan döwlet uniwersiteti özara bähbitli ylym-bilim hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürýärler. Professor-mugallymlaryň hem-de talyplaryň işjeň gatnaşmagynda iki ýokary okuw mekdebiň arasynda umumy okuw sapaklary geçirilýär. Bu işler 2017-nji ýylda gol çekilen Hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky şertnamanyň esasynda alnyp barylýar diýip, «Нейтральный Туркменистан» habar berýär.

Bu ýylda ÝDU-nyň talyplary Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan Himiýa boýunça halkara internet olimpiadasyna gatnaşyp, bäş sany birinji we bir sany ikinji orunlary eýelediler.

2024-nji ýylda doglan gününiň 300 ýyllygy giň gerimde bellenilip geçiljek Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini öwrenmäge Ermenistanda uly ähmiýet berilýär. Şahyryň eserleri dünýäniň köp sanly dillerine, şol sanda ermeni diline terjime edildi diýip, pedagogika ylymlarynyň kandidaty, Ýerewan döwlet uniwersitetiniň türkologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Amaliýa Petrosýan gürrüň berýär.

Onuň belleýşi ýaly, uniwersitetleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde Magtymguly bilen ermeni şahyry Aşyk Saýat-Nowanyň döredijiligine bagyşlanan wideomaslahatlar geçirildi. «Şular ýaly çäräniň geçirilmegi ata-babalarymyzyň we daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň edebi mirasyny giň hem köptaraplaýyn öwrenmäge mümkinçilik berýär» – diýip, Ýerewan döwlet uniwersitetiniň pedagogika ylymlarynyň kandidaty nygtaýar.

Şeýle hem ermeni alymlarynyň Magtymgulynyň eserlerini öwrenmäge goşan goşandyna Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ýokary baha berlendigi bellenildi. Hususan-da, Ýerewan uniwersitetinden professor Aleksandr Safarýan bilim, ylym we medeniýet ugurlarynda türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň ösmegine goşan goşandy üçin «Magtymguly Pyragy» halkara medaly bilen sylaglandy.

Pedagogika ylymlarynyň kandidaty, ÝDU-nyň mugallymy Amaliýa Petrosýan Magtymgulynyň eserleriniň ermeni diline terjimesi boýunça doktorlyk dissertasiýasyny gorady. Türkmen kärdeşleriniň ýardamy bilen, beýik şahyryň ene dilini özleşdirdi we häzirki wagtda türkmen dilini hem-de edebiýatyny üstünlikli öwredýär, şeýle hem Magtymgulynyň şahyrana mirasyny deňeşdirip öwrenmek boýunça işleri alyp barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň