Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«PetroChina» 2024-nji ýylda Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyna başlap biler

19:2223.12.2023
0
30471
«PetroChina» 2024-nji ýylda Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyna başlap biler
Surat: petroineos

«PetroChina» 2024-nji ýylda Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyna başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada 2023-nji ýylyň 21-nji dekabrynda «S&P Global» agentligi analitik Sindi Liang tarapyndan ýazylan makalada habar berdi.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gepleşikleriň işjeň basgançakdadygy we iki tarapyň hem özara bähbitli netijäni gazanmaga garaşýandygy aýdyňdyr.

Hanym Liangyň makalasyna görä, Hytaý tebigy gazyň 40 göterimden gowragyny turbageçirijiler we suwuklandyrylan gaz arkaly deňziň üsti bilen import edýär we turbageçiriji gazynyň iň uly üpjünçiligi Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň üstaşyry geçýän Merkezi Aziýa gaz geçirijisinden gelýär. Şol bir wagtyň özünde, gaz üç ýurtda önümçilik taslamalary arkaly öndürilýär.

Uzynlygy 1800 kilometrden gowrak bolan Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi A, B we C — üç şahadan ybarat bolup, onuň geçirijilik kuwwaty ýylda 55 milliard kub metre barabardyr.

Türkmenistan Hytaýa turbageçiriji gazyny iň iri üpjün ediji bolup, ol 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa gaz turbageçirijisi arkaly 34,09 milliard kub metr tebigy gaz iberdi. Munuň özi Hytaýyň gaz geçirijisiniň umumy importynyň 54 göterimini emele getirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň