Top.Mail.Ru

Aşgabatda daşary ýurt ýyldyzlarynyň konsertlerine petekler satylýar

18:0022.12.2023
0
56738

Aşgabatda boljak daşary ýurt aýdymçylarynyň Täze ýyl konsertleriniň petekleri Gyşky oýunlar sport toplumynyň kassasynda satuwa çykaryldy. Bu barada «Turkmenportalyň» habarçysy habar berýär.

Petekleriň bahalary hatara baglylykda 100-den 150 manada çenli aralykdadyr.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 21-26-58 / 74/71, (+993 12) 21-28-41.

24-nji, 25-nji we 26-njy dekabrda Aşgabatda daşary ýurtly ýyldyzlaryň — eýranly türkmen aýdymçysy Emin Raseniň, türk ýyldyzlary Burak Bulutyň we Kurtuluş Kuşunyň, şeýle hem russiýaly aýdymçy Nýuşanyň we rus estrada aýdymçysy we kompozitory Olga Şultaýsyň täze ýyldan öňki konsertleriniň geçiriljekdigini ýatladýarys.

Konsertiň başlanýan wagty: 18:00.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň