Türkiýeli ýyldyz aýdymçylar Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuşuň Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Aşgabada konsert bererler. Konsertiň dowamynda türkiýeli ýyldyz aýdymlary özleriniň sungat ýoluda meşhurlyk gazanan aýdymlary, şeýle-de täze döreden aýdymlary bilen çykyş ederler. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Türkiýeli aýdymçylar Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuş Türkmenistanda ilkinji gezek konsert berýärler. Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuşuň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guraljak konserti 25-nji dekabrda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler.
Konsert sagat 18:00-da başlanar.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 21-26-58, 21-26-74, 21-26-71, 21-28-41
Ýeri gelende bellesek, Burak Bulut 1996-njy ýylda Türkiýäniň Elýagiz şäherinde dünýä inýär. Ýakynda Kurtuluş Kuş bilen bilelikde ýerine ýetiren aýdymlary oňa meşhurlyk getirdi.
Kurtuluş Kuş bolsa 1997-nji ýylda Türkiýäniň Karamanda şäherinde dünýä inýär. Ol «Rüzýa Gibi», «El Insaf» ýaly aýdymlary bilen meşhurlyga eýe boldy.